BILIM

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda HGHK-nyň sebitiň çäklerinde, hususan-da, Türkmenistanda häzirki wagtda alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi.

Halkara ynsanperwer hukugyny ilerletmek we milli kanunçylyga ornaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler HGHK-nyň milli hyzmatdaşlarynyň halkara ynsanperwer hukugy ugrundaky mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we artdyrmaga gönükdirilen çäreleriniň ähmiýetini nygtadylar.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin meýilnamalaryna seretdiler. Hususan-da, HGHK tarapyndan Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri üçin halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw kurslarynyň we sapaklarynyň geçirilmeginiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň uniwersitetlerinde okajak türkmen talyplaryna hökümet talyp haklary gowşuryldy

Täze okuw ýylynda 8 sany çagalar bakja-bagy açylyp ulanmaga berler

«Ozon we klimat» atly ylmy-döredijilik bäsleşigi

Mugt pars dili okuwlaryna ýazylyşyk başlandy

Türkmenistan Kanadada ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmen okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä rekordyny goýdular