20-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda maslahat geçirildi. Ol institutyň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa institutyň professor mugallymlary, talyplary we myhmanlar gatnaşdylar.
Maslahata Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň doktory, professor, Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçi, Türkmenistanyň ussat diplomaty Amangeldi Rahmanow, ýene-de Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Çary Nyýazow, institutyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Şiri Şiriýew, Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Mährijemal Mämmedowa şeýle-de institutyň talyplary çykyş etdiler.
Maslahatda çykyş edenler 15 ýylyň içinde institutda edilen işler, halkara derejesinde ýetilen üstünlikler hakynda gürrüň berdiler. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geljegi uly bolan türkmen talyplary ýokary derejede bilim alýarlar. Bu bolsa maslahata gatnaşan ýaşlarda aýratyn täsirleri goýdy. “Milli bähbitleri goramagyň guraly bolan diplomatiýa -halkara gatnaşyklarynyň sütünidir. Ol sütün paýhasdan we parasatdan gurnalan bolmalydyr” diýip çykyş edenler bellediler.
Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Bägül Kakalyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.