BILIM

Halkara gatnaşyklary instituty bilen Soka uniwersiteti hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekişer

Soka uniwersitetinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna” bagyşlanan ýaşlar syýasaty boýunça tegelek stol geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi, Ýaponiýanyň Soka uniwersitetiniň rektory, professor-mugallymlary, talyplary we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdy.

Tegelek stoluň esasy temasy ýaşlar syýasatynda uniwersitetleriň we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugruna bagyşlandy. Taraplar onlaýn okuwlary geçirmek, wekiliýet alyş-çalşy, neşir işleri alyşmak we makalalary ylmy žurnallarda çap etmek ýaly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşyklary berkitmäge we bilimde, ylmy-barlag pudagynda talyplar we mugallymlar üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Uniwersitetleriň we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýaşlar syýasatynyň möhüm ugrudygyny bellemek bilen, şeýle çäreleriň tejribe we bilimleri alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdigini aýtdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk we wekiliýetleriň alyş-çalşygy barada Ähtnama gol çekilmegine aýratyn üns berildi.

Taraplar ylmy-amaly maslahatlar we seminarlar ýaly bilelikdäki çäreleri geçirmek, şeýle hem talyp we mugallym alyş-çalyş maksatnamalaryny işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu çärä ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine we halkara alyş-çalyşlaryna gatnaşmak mümkinçiligine gyzyklanma bildiren talyplar gatnaşdy.

Olar şeýle çäreleriň olara gözýetimlerini giňeltmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini bellediler.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary