JEMGYÝET

Halkara foruma gatnaşyjylar Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirilýär.

Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda irden paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle hem bu dabara ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşýan myhmanlar gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda geçirilýän halkara foruma dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bildirdi. Bu foruma gatnaşmak üçin Russiýanyň, Eýranyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Tatarystanyň, Mongoliýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Prezidentleri, Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy hem-de dünýäniň beýleki döwletlerinden ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşýar.

Şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyz Aşgabatda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Gündogaryň akyldary, türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 60 metrlik heýkeli bezeg berýän binagärlik-landşaft toplumy tebigatyň gözelliginiň ynsan döredijiliginiň ajaýyp utgaşygyny görkezýän bütewi toplumdyr.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär