MEDENIÝET

Halkara “Buker” baýragynyň ýeňijisi belli boldy

Edebiýat ulgamynyň abraýly baýraklaryndan biri bolan Halkara “Buker” baýragynyň üstümizdäki ýyldaky ýeňijisi mälim edildi. Halkara “Buker” baýragyna fransiýaly Dawid Diop mynasyp boldy. Fransiýaly ýazyjy ilkinji gezek bu abraýly baýraga eýe bolan fransuz ýazyjysy boldy.

Ýazyja bu abraýly baýrak “Ruh ýoldaşy” atly romany üçin berildi. Diop bu romanynda birinji Jahan urşy döwründäki wakalary beýan edipdir. Bu kitap iňlis diline Anna Moskowakis tarapyndan terjime edildi.

“Buker” baýragynyň pul sylagy 50 müň futn-sterligine barabardyr. Ol ýazyjynyň hem-de romany terjime edeniň arasynda deň paýlaşylar. Bu hem ikisiniň hem eseri döretmekdäki hyzmatynyň deň derejede ykrar edilmeginiň netijesidir.

Halkara “Buker” baýragy 2005-nji ýylda döredildi. Ol adaty “Buker” baýragyndan tapawutlylykda, eseri iňlis diline terjime edilen hem-de Beýik Britaniýada çapdan çykan daşary ýurtly ýazyjylara berilýär.

“Buker” baýragy Beýik Britaniýa, Irlandiýadan we Arkalaşygyň düzümindäki iňlis ýazyjylaryna berilýän abraýly baýrakdyr.

 

Welosipede uly ähmiýet berýän şäherler

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri