IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: Daşoguz welaýatynda potratçylyk işleri

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň bilim, terbiýeçilik edaralarynyň binalarynda ýangyn habar beriji we duýduryjy enjamlary oturtmaga, suw howdanlarynda, içerki ýangyn suw gidrantlarynda hem-de Şabat etrabyndaky 7, 42, 43-nji, Görogly etrabyndaky 16-njy, Boldumsaz etrabyndaky 52-nji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 15, 19, 20, 81-nji, Akdepe etrabyndaky 59, 63, 66, 106-njy orta mekdepleriň, şeýle hem Daşoguz şäherindäki 16, 26, 33-nji, Şabat etrabyndaky 8-nji, Akdepe etrabyndaky 1-nji çagalar baglarynyň binalarynda düýpli abatlamak işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça  BÄSLEŞIK   yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 12-nji apreline, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy, welaýat häkimligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 800322-9-03-02, faks belgisi: 800322-9-03-14.

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär