JEMGYÝET

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Şu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Däp bolşy ýaly, bu ýerde baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berdi. 

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň esasy girelgesindäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň ýolbaşçylary, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň esasy münber binasyna tarap barýan ýoluň ugrunda suratkeşleriň, nakgaşlaryň, zergärleriň we heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan edýän döredijilik işleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisini, şeýle-de türkmen milli göreşini synlady. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bolsa dabara hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. Ahalteke bedewleri çapyşyklaryň 7-sinde öz okgunlylygyny hem-de çalasynlygyny görkezdiler. 1600, 1800, 2200 metr aralyga guralan çapyşyklaryň her birine atlaryň 10-sy gatnaşdy. Bäsdeşlik ruhy ýeňiş gazanmak ugrundaky ýaryşlara özboluşly öwüşgin çaýyp, bu ýere ýygnanan bedew janköýerlerinde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda çapyşyklaryň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri