JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň mejlisinde täze kanunlar makullandy

9-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Onda 9-njy noýabrda Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullandy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle-de komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlendi. Olarda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar berildi. Ilki bilen, Mejlis tarapyndan kabul edilen «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna garaldy. «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşylanda, onuň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini giňeltmek, hukuk esaslaryny we ygtyýarlyklaryny berkarar etmek, döwlet häkimiýetiniň edaralary bilen olaryň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek babatda möhümdigi bellendi.

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda» we «Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem garaldy. Türkmenistanyň bu Konwensiýalara goşulmagynyň hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigi bellendi.

Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň agzalary hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seretdiler. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Goranmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Kanunlar bar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň sekizinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan Kanunlar biragyzdan goldandy we degişli Kararlar bilen berkidildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär