JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkiýedäki watandaşlarymyza ähli kömegi bereris

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki ilçihanasy baryp, Türkiýe döwletinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi sebäpli duýgudaşlyk bildirdi we ilçihananyň matam kitabynda ýazgy galdyrdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde eden çykyşynda türkmen halkynyň adyndan Türkiýe döwletiniň ýolbaşçysy Rejep Taýyp Ärdogana we bütin türk halkyna gynanjyny bildirdi.

– Boljak işe çäre ýokdur, diýilýär. Bu betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda gynansak-da, öz hem raýatlarymyz bar. Şonuň üçin hiç hili alada etmäň. Türkmen döwleti siziň her biriňiziň arkaňyzda dag ýaly durandyr. Eger durmuş meseleleri ýüze çykan halatynda siz Daşary işler ministrliginiň wekillerine, Türkiýede bolsa ilçihanamyza gije-gündiziň dowamynda ýüz tutup bilersiňiz. Kime nähili kömek gerek bolsa, zerur kömek berler.

Men ýene-de bir gezek şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hormatly Prezidentimiziň, öz adymdan we bütin halkymyzyň adyndan gynanjymy bildirýärin. Merhumlara iman baýlygyny dileýärin. Olaryň ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun!

Ýakyn wagtda bu şehit bolanlary we öten-geçenleri ýatlap, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda sadaka bereliň – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belläp geçdi.

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri hatyralap, aýat-doga etdi.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi