JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy. TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Halk Maslahatynyň Başlygyna bu abraýly sylagy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu uly sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

«Türki döwletler bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Biz Türki Döwletleriň Guramasynyň ägirt uly abraýyny ykrar edýäris. Ata-babalarymyzyň nesihatlaryna eýerip, siziň bilen bilelikde köp işleri amala aşyrýarys» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy doganlyk döwletlerň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýandygyny tassyklady.

Ýeri gelende bellesek, şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem türki dünýäniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin guramanyň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy. Şeýle-de gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowa Türki Döwletleriň Guramasynyň türki dünýäniň jebisligine goşandy üçin Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragy berildi. Degişli baýrak Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär