JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde geçiriler. Ýokary derejedäki sammite Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşar. Bu barada Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkant sammiti barada beren beýanatynda bellenilip geçilýär.

Beýanatda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň baştutanlygynda 11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Samarkant şäherinde geçiriler. Oňa Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amraýew gatnaşar.

“Türki medeniýeti üçin täze döwür: umumy ösüşe we gülläp ösüşe tarap” şygary bilen geçiriljek sammitde guramanyň sammitiniň gün tertibindäki esasy meseleler bilen bir hatarda döwlet Baştutanlary birnäçe ugurlar möhüm kararlar kabul ederler, ykdysadyýet, söwda, ulag we gümrük babatda guramanyň taslamalaryna degişli şertnamalary hem-de resminamalary gözden geçirerler.

Döwlet Baştutanlary şeýle hem gurama agza we synçy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen bir hatarda sebit we halkara meseleler boýunça pikir alşarlar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň başlyklygy Özbegistana geçer. Sammitiň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň sekretariatynyň ýolbaşçylygy babatda birnäçe guramaçylyk meselelerine seredilip, Samarkant jarnamasy kabul ediler.

Sammitden bir gün öň, 10-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu mejlisde sammitiň gün tertibindäki wakalar bilen bir hatarda gol çekiljek resminamalara serediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi