JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

Myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen gutlady hem-de eziz Watanymyzda gazanylýan üstünliklere hem-de ýetilen belent sepgitlere şatdygyny aýtdy.

Rifat Hisarjyklyoglu 2019-njy ýylda Hazar ykdysady forumynyň geçirilendigini ýatlap, onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň häzirki döwrüň ählumumy wezipeleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň ilerledilişi, şeýle hem olaryň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giňden goldanylýandygy barada aýtmak bilen, türk işewüri şol başlangyçlaryň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň işewürler düzümleriniň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.

Şu gezekki üçtaraplaýyn sammitiň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy türk kompaniýalarynyň ýurdumyzda meýilleşdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazaryň kenarynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň hem-de onuň jemleri boýunça kabul edilen resminamalaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly şertnamalaýyn-hukuk binýadyny emele getirjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi