JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Ärdogan bilen duşuşdy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin düýn günüň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle-de şu gün irden Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistana geldiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle hem türkmen metbugatyna görä, duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürdmek barada pikir alyşdylar. Esasan hem söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine üns berdiler. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek söhbetdeşlikde aýratyn orun eýeledi.

Şeýle hem söhebetdeşigiň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine garaldy.

Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda kökleri taryhyň münýyllyklaryndan gaýdýan medeni we ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän, iki doganlyk halky birleşdirýän däp bolan ynsanperwer gatnaşykar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler