JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy: Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegi bermeli

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň halkyna umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge çagyrdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilen mejlisinde belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, sebit howpsuzlygynda owgan meselesi bilelikde iş alyp barmak boýunça hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

«Türki Döwletleriň Guramasynyň käbir agza ýurtlary Owganystana goňşy döwletlerdir. Olaryň bu ýurt bilen aýratyn taryhy baglanyşygy we kanuny bähbitleri bar. Diýmek, olar bu ýurtda bolup geçýän ýagdaýlar üçin belli bir derejede jogapkärçilik hem çekýärler» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, şoňa görä-de, bu ýurtdaky ýagdaýy düzgünleşdirmäge, gepleşikler, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegi bermek arkaly umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi dowam etmeli.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler