DÜNÝÄ

Haj ybadaty üçin daşary ýurtdan zyýaratçy kabul edilmeýär

Saud Arabystany “Covid-19” -a garşy sanjym edilen 60000 ýaşaýjysynyň şu ýyl haj parzyny ýerine ýetirmägine rugsat berjekdigini habar berdi. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurtdan haj parzy üçin geljek adamlara üstümizdäki ýyl hem rugsat berilmeýär. Patyşalyk bu babatda gelen kararyny beýleki ýurtlara habar berendigini aýtdy. Bu barada “BBC” teleýaýlymy habar berýär.

Iýul aýynda göz öňünde tutulan haj parzy üçin 18-65 ýaş aralygynda sanjym edilen saud arabystanlylara rugsat berilýär. Haj parzyny ýerine ýetirmek isleýänler onlaýn tertipde ýüz tutmalydyr.

Geçen ýyl 10 müň adam haj parzy üçin kabul edildi – olaryň 70 göterimi daşary ýurtly we 30 göterimi saud araystanly boldy. 2019-njy ýylda haj parzyny 2,5 million adam ýerine ýetirdi.

Haj hem-de ýylyň dowamynda amala aşyrylýan umra ybadatlary Saud Arabystanyna her ýyl 12 milliard dollar girdeji getirýär.

Ýurtda 1-nji awgustdan koronawirus ýokanjyna garşy sanjym almadyk adamlar dükanlara, söwda merkezlerine we beýleki iri söwda desgalaryna giýberilmeýär. Bu babatda ýurduň Söwda ministrligi habar berdi.

 

G7: ekologiýa üçin 100 mlrd dollar

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi