SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Haj parzynyň tertibi mälim edildi

Saud Arabystany şu ýyl haj parzyny ýerine ýetirjek ýerli we daşary ýurtly hajy bolmak isleýänler üçin jemi 60 müň adamlyk kwota berilýändigini mälim etdi. Daşary ýurtly raýatlar üçin 3 günlük karantin çärelerini berjaý etmek zerurlygy hem göz öňünde tutuldy.

Saud Arabystany geçen ýyl koronawirus ýokanjy sebäpli haj parzyny diňe ýerli hajy bolmak isleýänler bilen çäklendiripdi.

Golaýda, ýurduň Haj we umra ministrligi üstümizdäki ýyldaky haj parzy üçin käbir ýörite şertleriň kabul edilendigini mälim edipdi. Munuň üçin haj parzyny ýerine ýetirmek üçin gelenleriň saglyk ýagdaýyny goramak maksady bilen birnäçe şertler göz öňünde tutuldy.

  • Bu barada taýýarlanan beýannamada haj parzy üçin 60 müň adam goýberiler. Onuň 45 müňüsi daşary ýurtdan kabul ediler. 15 müň adamlyk kwota bolsa, ýurduň öz raýatlaryna berler.
  • Haj parzyny ýerine ýetirmek isleýänler 18-60 ýaş aralygynda bolar.
  • Haj parzyny ýerine ýetirmezden ozal soňky 6 aýyň dowamynda islendik bir kesel bilen hassahanada bejergi almadyk bolmaly. Munuň üçin degişli saglyk resminamasy bolmaly.
  • Şeýle hem sanjym bolandygy we ony tassyklaýan resminama almaly.
  • Sanjymlar Saud Arabystanynyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan tassyklanan sanjym bolmaly.
  • Sanjymyň 1-nji dozasynyň 13-nji maýa çenli, 2-nji dozasynyň bolsa Saud Arabystana barmagyna 14 gün galanda almaly.
  • Daşary ýurtly raýatlar 3 gün karantin çärelerini berjaý ederler.
  • Daşary ýurtly raýatlara bolýan ýerinde Kowid-19 barlagyndan geçiriler.
  • Haj parzy üçin gelenler örtük dakyp,2 metr howpsuz araçägi berjaý ederler.
  • Myhmanhanalarda we otaglarda köpçülik bolup üýşmegiň öňi alnar.
  • Haj parzy üçin gelenlere otaglarynda nahar hyzmaty berler.
  • Haj parzy üçin gelenleriň ähli goş-golamlary dizenfeksiýa
  • Awtobuslaryň sygymynyň 50 göteriminden peýdalanylar.
  • Şeýtan daşlanýan ýerde daşlar sterilizasiýa edilen torbalarda berler.
  • Mesjidi-Haramdaky halylar ýygnalyp goýlar.

Awaza: COVID-19-a garşy sanjym geçirmek üçin kesgitlenen nokatlar

“Aşgabat bahary” festiwaly: ýeňijiler belli boldy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Maldiw adalarynyň taryhy syýahatçylyk rekordy

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi