SPORT

Habib garyşyk göreş sport dünýäsi bilen hoşlaşdy

Garyşyk göreş boýunça ýeňil agramdaky dünýä çempiony Habib Nurmagomedow garyşyk göreş sporty bilen baglanyşykly sport dünýäsi bilen hemişelik hoşlaşdy. Mälim bolşy ýaly, ol 2020-nji ýylyň oktýabrynda Jastin Getžini ýeňip, bu sport ugry boýunça ýaryşlara gatnaşmagy bes edipdi.

Habib işjeň türgen bolman, eýsem türgenlere tälim berip, olaryň türgenleşik işlerine gatnaşdy we birnäçe türgenleri ýaryşlara taýýarlady. Taýýarlan topary bilen ýaryşlara gatnaşdy.

Ýöne, indi ol bu sport dünýäsinden hemişelik daşlaşmak barada karar kabul etdi. Habib bur barada özüniň jemgyýetçilik torunda habar berip, “Geçen ýyl örän üstünlikli boldy. Doganlarym özüňizi aýaň. Meniň kararym hemmeleriň peýdasyna bolar, hemmeňizi mäkäm gujaklaýaryn. Siziň hemmäňize minnetdarlyk bildirýärin, siz meniň sportda üstünlik gazanmagymyň esasy sebäbi bolduňyz” – diýip belledi.

Habib mundan soňra has köp maşgalasyna wagt sarp etmek isleýändigini belledi.

2020-nji ýylyň noýabr aýynda Habib Nurmagomedow “Eagle FC” atly guramaçylyk toparyny satyn alypdy we bu topar dünýäde 18-nji orunda durýar.

32 ýaşly Habib Nurmagomedow 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda amerikaly Jastin Getžini ýeňenden soňra sport durmuşyny bes etjekdigini mälim edipdi. Ol 29 tutluşyga çykyp, olaryň ählisine hem ýeňiş gazandy.

Nurmagomedow 2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde amerikaly El Ýakwintini eminleriň çözgüdi  bilen ýeňip, UFC-niň çempiony bolupdy. Ol soňra Makgregor, Porýe hem-de Getži bilen tutuluşyga çykyp, öz çempionlyk derejesini gorapdy.

 

Ýene-de okaň

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri