DÜNÝÄ

Gazagystan Sian şäheriniň portunda logistika merkezini döreder

“Merkezi Aziýa – Hytaý” sammiti mynasybetli Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleri Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýarlar. Eýýäm Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleri Hytaýyň Sian şäherine bardylar.

Şu gün 70 ýaş ýubileý toýuny belleýän Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikler geçirdi. Gazak Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew saparynyň çäklerinde Hytaýyň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşar. Şeýle hem Hytaýyň Sian şäheriniň gury portunda Gazagystanyň logistika merkeziniň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşar.

Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitine gatnaşyp, mundan başga-da, Sian şäherinde Gazagystanyň Baş konsullyk edarasynyň dabaraly açylyş çäresine gatnaşar.

2022-nji ýylda Gazagystan bilen Hytaýyň söwda dolanyşygy 31 milliard dollardan gowrak boldy. Ýakyn geljekde bu görkezijini 35 milliard dollara ýetirmek meýilleşdirilýär. 2030-njy ýylda bolsa, söwda dolanyşygyny 40 millird dollara ýetirmek maksat edinilip goýuldy.

Geçen ýyl Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky oba hojalyk önümleri boýunça özara söwda dolanyşygy  780 million dollardan gowrak boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy