SIZDEN GELENLER

GYZYKLY MAGLUMATLAR

  1. Häzirki wagtda alymlaryň aýtmagyna görä, Ýer ýüzünde garynjalaryň 22000 görnüşi bar diýip çaklanylýar we olaryň 12500 görnüşi anyklanyldy. Iň uly garynja Merkezi Afrikada ýaşaýan “Dorylus” garynjalary bolup, olaryň bedeniniň uzynlygy 3 santimetre ýetýär. Iň kiçi garynja Braziliýada ýaşaýan “Mycetophylax” garynjasy bolup onuň uzynlygy 1 mm-den geçmeýär.
  2. 1983-nji ýylda meşhur iňlis ýazyjysy Barbara Kartlend bir ýylyň dowamynda 23 roman ýazdy. Ol bu üstünligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň ömrüniň dowamynda ýazan kitaplarynyň sany bolsa 600-den
  3. 1958-nji ýyldan bäri haýwanlaryň we ösümlikleriň ýitip barýan görnüşleri girizilýän Gyzyl kitapdan başga-da, Gara kitap hem bar. Gara kitaba adamlaryň weýran ediji hereketleri sebäpli Ýer ýüzünden ýitip giden ösümlikleriň we haýwanlaryň sanawy girizilen.
  4. Dmitri Iwanowiç Mendeleýew “Himiki elementleriň periodik tablisasyny” hakykatdan hem düýşünde görendigini tassyklaýar. Ýöne Mendeleýew düýşündäki maglumatlary kagyz ýüzüne geçirmek üçin ömrüniň 25 ýylyny sarp etdi.
  5. Nýutonyň kellesine gaçan alma hakynda Wolter Nýutona bagyşlap ýazan oçerkinde aýdypdyr. Nýutonyň özi bu wakany hiç haçan aýtmandyr.
  6. 2003-nji ýylda stoluň üstünde oýnalýan tennis federasiýasynyň karary esasynda tennis topunyň diametri 2 millimetr ulaldyldy. Netijede oýun wagty topuň tizligi 15% peseldi. Bu karar muşdaklaryň telewizorda oýna tomaşa edeninde kynçylyk çekmezligi üçin çykaryldy.
  7. Towşanlar we kengurular (näçe haýal hereket etseler-de) ädimläp ýöräp bilmeýärler, olar diňe bökýärler.
  8. Sygyry basgançakdan ýokarlygyna mejbur edip mündirip bolýar, ýöne ýokarydan aşaklygyna düşürip bolmaýar.
  9. Däneli ösümlikleriň içinde iň hasyllysy mekgejöwendir. Bugdaýyň bir sümmülinde adatça 30 däne bolýar, mekgejöweniň bir başynda bolsa müňe golaý däne bolýar.
  10. Ýer şarynyň ilatynyň ýarysyndan köpüsi hiç haçan gary görmedikdir.
  11. Hytaýda iňlisçe gürleýän adamlaryň sany Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndakydan kändir.

 

Taýýarlan Jumadurdy SAPARGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury