DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş sapary guralar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň Bilim ministri J. Gurbangeldiýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelýändigi, şeýle hem tejribe alyşmagyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Gyrgyzystanly okuwçylar 2026-njy ýylyň 8–13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän mekdep okuwçylarynyň arasynda III Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyryldy. Bu halkara bäsleşiginiň geçýän döwründe Gyrgyz Respublikasynyň Bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş saparyny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyz tarapy türkmen wekiliýetini Çarwadarlaryň 6-njy Bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde geçiriljek Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşykda şeýle hem diplomlaryň özara ykrar edilmegi we orta hünär bilimi ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabatda geçirmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň tapgyrda dowam edýär

Türkmenistan-Zimbabwe: syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň üýtgeşik tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna giriziler