DÜNÝÄ

Gyrgyzystanda ilkinji Gün energiýasy elektrik stansiýasy açyldy

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Çuy oblastynda gurlan ýurduň ilkinji Gün energiýasy elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada gyrgyz metbugaty habar berýär.

Kuwwaty 100 megawatt bolan täze elektrik santasiýa 230 gektar meýdanda ýerleşýär. Taslamanyň maýadary hökmünde «Eternal Energiýa» JÇJ çykyş edýär. Umumy maýa goýum möçberi 56 million ABŞ dollaryna barabardyr.

Açylyş dabarasynda çykyş eden Sadyr Žaparow Gün we ýel energiýasy ýaly alternatiw energiýa çeşmeleriniň ösdürilmeginiň, gidroelektrik stansiýalarynyň gurluşygy bilen bir hatarda, ýurduň energetika strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi.

Onuň bellemegine görä, ilkinji Gün energiýasy desgasynyň işe girizilmegi Gyrgyzystanyň döwrebap, durnukly we diwersifikasiýalaşdyrylan energetika ulgamyny emele getirmekde täze tapgyry açýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi