DÜNÝÄ

Gyrgyzystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Talant Sultanow bilen duşuşdy.

Ilçi Talant Sultanow täze bellenilen wezipesi mynasybetli bildiren mähirli gutlaglary we ýagşy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmek bilen, dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi.

Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň oňyn mümkinçiliklerini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çygrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Republikasy bilen hyzmatdaşlygynyň konstruktiw häsiýetini bellediler. Iki döwletiň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösüş depgini nygtaldy.

Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky Ilçisiniň ýurtda özüniň wezipesine jogapkärçilikli wagtda başlaýandygy aýratyn bellenildi. Ýakyn günlerde Gyrgyz Republikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana resmi sapary amala aşyrylar.

Taraplar Gyrgyzystanyň Baştutanynyň Aşgabada boljak bu saparynyň iki döwletiň arasynda giň gerimli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirmek, şeýle-de 10-dan gowrak döwletara we hökümetara resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Talant Sultanow türkmen tarapyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

 

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary

Ýene-de okaň

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler