DÜNÝÄ

Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar

Şu günler Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. Onuň çäklerinde Arkadag şäherinde dürli çäreler geçirildi. Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri M.Mambetaliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary, ilki bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördüler.

Gyrgyzystanly wekiller akademiýa bilen tanşyp, onda ýokary bilim alyp, amaly tejribeleri geçmek arkaly ussatlygy ele almak üçin döredilen şertlere, tehnologik üpjünçiligine ýokary baha berdiler. Soňra wekiliýetiň agzalary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler. Onuň nal şekilinde gurlan täsin binagärlik keşbi myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ýerde görkezilen çykyşlary olarda uly gyzyklanma döretdi.  Myhmanlar “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ussat türgenleriniň çykyşlaryna ýokary baha berip, Türkmenistanda atçylyk pudagynyň, milli atçylyk sportunyň ýokary derejede ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Gyrgyz Respublikasynyň ýurdumyzda saparda bolýan wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň medeniýet ministri bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasynda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şunda özara tejribe alyşmagyň, degişli ugurlar boýunça göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýetine üns berildi.

Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory bilen bolan duşuşygynda iki ýurtda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Gyrgyz tarapynyň wekili gyrgyz milli at üstündäki oýunlarynyň asyrlara uzap gidýän taryhy, tazylardyr aw guşlary bilen aw awlamak däpleriniň dowam etdirilişi barada gürrüň berdi. Bu bolsa iki ýurduň arasynda milli at üstündäki oýunlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek we özara tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny äşgär edýär.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi