MEDENIÝET

Gyrgyz milli uniwersitetinde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp çäreler guralar

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi Ş.Meredowyň Ý.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň rektory T.Abdyrahmanow bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen bu uniwersitetiň arasynda ylym-bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, uniwersitetiň rektoryna Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler babatda maglumat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp uniwersitetde 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda tegelek stoly, 2024-nji ýylda “Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmek babatda ylalaşyldy.

Mundan başga-da, rektor Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny gyrgyz diline terjime etmek boýunça Ilçihana tarapyndan alnyp barylýan işlere doly goldaw berjekdigini mälim etdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri