SPORT

Gwardiola özbek futbolçysy üçin rus ýa-da özbek dilini öwrenmekçi

Düýn Angliýanyň milli futbol çempionatynyň 23-nji tapgyrynyň esasy duşuşygy boldy. Onda “Mançester Siti” topary bilen “Çelsi” topary duşuşdy. Duşuşykda “Mançester Siti” toparynyň täze satyn alan özbegistanly futbolçysy Abdukodir Husanow hem ilkinji gezek meýdança çykdy.

Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Husanow 20-nji ýanwarda Fransiýanyň “Lans” toparyndan geçip, iňlis topary bilen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy.

Angliýanyň çempionatynyň esasy duşuşygynda meýdança çykan özbek futbolçynyň ýalňyşlygy bilen duşuşygyň 3-nji minutynda “Çelsi” topary 1:0 hasabynda öňe saýlandy.

Emma muňa garamazdan, “Mançester Siti” topary ruhdan düşmän gowy oýun görkezip, 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşykdan soňra metbugat ýygnagynda “Mançester Siti” toparynyň meşhur ispan tälimçisi Pep Gwardiola Abdukodir Husanow bilen erkin gürleşmek üçin rus dilini öwrenmäge başlap biljekdigini belledi.

– Ol ýaş futbolçy we öwrener, bu ýalňyşlygyndan sapak aldy. Ol iňlis dilinde gürläp bilmeýär we şonuň üçin şeýle pursatlarda men hiç zat diýip bilemok. Ol goýberen ýalňyşlygyny düşündi. Onuň ýalňyşlyk goýbermek islemeýändigini biz hem bilýaris. Maňa onuň bilen gürleşmek üçin ýa rus ýa-da özbek dilini öwrenmegiň gerek boljak öýdýän – diýip, Gwardiola metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

Özbek futbolçy mundan ozal, 2023-nji ýyldan bäri Fransiýanyň “Lans” toparynda çykyş edýärdi we bu toparda 31 oýun oýnady. Şondan ozal bolsa, Belarusyň “Energetik-BGU” hem-de Özbegistanyň “Bunýedkor” toparlarynda oýnapdy.

Ýene-de okaň

Winisius transfer rekordyny goýup biler

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesinden gidýar

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji martda badalga alar

Gwardiola saud toparyndan gowy teklip aldy

Ata Watan Eserleri

Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin hödürnama berdiler

Ata Watan Eserleri

Yslam raýdaşlyk oýunlary Er-Riýadda geçiriler