Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň tebigy bilimler ugurly gutardyş synplarynda biologiýa dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary
1-nji soragnama
- Umumy biologiýanyň tebigy ylymlaryň ulgamynda tutýan orny. Onuň ähmiýeti we beýleki ylymlar bilen baglanyşygy.
- Öýjük janly organizmleriň gurluş we funksional birligidir. Öýjük teoriýasy we onuň esasy düzgünleri.
- Uýgunlaşmalaryň ýüze çykmagy. Uýgunlaşmanyň otnositel häsiýeti.
2-nji soragnama
- Janly tebigatyň bitewiligi. Biosferanyň janly maddasynyň elementar we molekulýar düzümi.
- Fermentler we olaryň ähmiýeti. Witaminler we olaryň organizmde ýerine ýetirýän işleri.
- Agrosenozlar. Türkmenistanyň agrosenozlary.
3-nji soragnama
- Biologiýa ylmynyň oba we tokaý hojalygy, senagat, lukmançylyk, gigiýena, tebigaty goramak üçin ähmiýeti.
- Tebigy we emeli seçgi. Emeli seçginiň döredijilik ähmiýeti.
- Türkmenistanyň Gyzyl kitaby. Etalonlar we tebigatyň ýadygärlikleri.
4-nji soragnama
- Organiki dünýäniň ulgamlary. Bakteriýalar, kömelekler, ösümlikler we haýwanlar şalyklary.
- Öýjügiň metobolizmi (plastik we energetik madda çalşyklar).
- Biogeosenozlaryň mysallary: çöl (Garagum), daglar (Köpetdag, Köýtendag, SüntHasardag), derýalar (Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar), tebigy (Sarygamyş) we emeli köl («Altyn asyr» Türkmen köli), iri suw howdanlary (Saryýazy, Hanhowuz, Köpetdag).
5-nji soragnama
- Haýwanlaryň, ösümlikleriň we bakteriýalaryň öýjükleriniň gurluşyndaky tapawutlar. Eukariot we prokariot öýjükleriň deňeşdirme häsiýetnamasy.
- Adam jynslary.
- Türkmenistanda seleksiýa işleri. Türkmenistan garaköli we saryja goýunlarynyň Watanydyr. Ahalteke aty, arwana düýesi, türkmen tazysy we alabaý iti, türkmeniň ak bugdaýy, gawun-garpyzy, üzümi we beýlekiler türkmen halkynyň milli buýsanjydyr.
6-njy soragnama
- Monogibrid çaknyşdyrma. Birinji nesliň birmeňzeşligi. Dominirleme düzgüni (G. Mendeliň
birinji kanuny).
- Wiruslar ýaşaýşyň öýjüksiz görnüşidir.
- Türkmenistanda ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň amala aşyrylyşy. Ýerleriň meliorasiýasy, ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyny kämilleşdirmek esasynda agrosenozlaryň önümliligini artdyrmak babatda Türkmenistanda geçirilýän çäreler.
7-nji soragnama
- Antropogeneziň hereketlendiriji güýçleri.
- Suw, onuň himiki we biologiki düzümi.
- Populýasiýa. Dürli görnüşleriň populýasiýalarynyň özara gatnaşyklary.
8-nji soragnama
- Bir öýjükli we köp öýjükli organizmler. Dokumalaryň, organlaryň, organlar ulgamlarynyň
arabaglanyşygy, köp öýjükli organizmleriň bitewüliginiň esasy hökmünde.
- RNK-nyň görnüşleri, gurluş aýratynlyklary we öýjükde ähmiýeti.
- Ýer ýüzünde ýaşaýşyň döreýşi baradaky taglymat. Lui Pasteriň tejribesi.
9-njy soragnama
- Ikinji nesliň gibridleriniň alamatlarynyň dargamagy (G. Mendeliň ikinji kanuny).
- Öýjükde uglewodlaryň we ýaglaryň biosintezi.
- Mezozoý erasynda ýaşaýşyň ewolýusiýasy. Türkmenistanyň çäginden mezozoý erasyna degişli tapylan ýumşak bedenlileriň we mähnet süýrenijileriň aýak yzlary.
10-njy soragnama
- Digibrid çaknyşdyrma. Garaşsyz nesle geçijilik kanuny we onuň sitologik esaslary. (G. Mendeliň üçünji kanuny).
- DNK-nyň sintezi. Nesle geçijilik alamatlaryny saklamakda we olary ata-eneden nesle geçirmekde DNK-nyň ähmiýeti. Genetiki maglumat. DNK-nyň kody.
- Ekologik bilim we terbiýe biosferany goramagyň we onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň zerur şertidir.
11-nji soragnama
- Öýjükde belogyň ýerine ýetirýän işleri.
- Mitoz — öýjügiň ýaşaýyş aýlawynyň döwri. Mitozyň döwürleri.
- Kaýnozoý erasynda ýaşaýşyň ösüşi.
12-nji soragnama
- Glikoliz (glýukozanyň kislorodsyz dargamagy), onuň janly organizmler üçin ähmiýeti.
- Mikro we makroewolýusiýa ýeketäk ewolýusion hadysalaryň tapgyrydyr.
- Genetika nesle geçijiligiň we üýtgeýjiligiň kanunalaýyklyklary baradaky ylymdyr. Genetikanyň wezipeleri we ony öwrenmegiň usullary.
13-nji soragnama
- Sitoplazmanyň, plazmatik membrananyň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri. Öýjügiň esasy organoidleri (mitohondriýalar, ribosomalar, lizosomalar, hereket organoidleri we beýlekiler).
- Fotosintez we onuň kosmiki ähmiýeti.
- Kömelekleriň gurluşy we köpelişi. Maýa kömelekleri. Kömelekleriň biotehnologiýada ulanylyşy we halk hojalygyndaky ähmiýeti.
14-nji soragnama
- Oňurgaly haýwanlaryň embrional we embrionaldan soňky ösüşi.
- Haýwanlary eldekileşdirmek we ösümlikleri medenileşdirmek seleksiýanyň başlangyç tapgyry hökmünde. Medeni ösümlikleriň gelip çykyş merkezleri. Akademik N. I. Wawilow we onuň işleri.
- Üýtgeýjiligiň görnüşleri. Modifikasion üýtgeýjilik.
15-nji soragnama
- Bakteriýalar we olaryň gurluşy. Bakteriýalaryň ýaşaýyş işjeňligi we olaryň halk hojalygynda ulanylyşy.
- Meýoz: reduksion we ekwasion bölüniş.
- Adamyň ewolýusiýasy. Janly tebigatyň ulgamynda adamyň tutýan orny.
16-njy soragnama
- Belogyň molekulasynyň gurluşy. Belogyň himiki we fiziki häsiýetleri.
- T. Morganyň nesle geçijiligiň hromosoma teoriýasy.
- Görnüş. Görnüşiň kriteriýalary: morfologiki, fiziologiki, genetiki, biohimiki, ekologiki, geografiki.
17-nji soragnama
- Janly organizmleriň (ösümlikler, haýwanlar we beýlekiler) ýaşaýşynda uglewodlaryň tutýan orny. Polisaharidleriň gurluşy we biologik ähmiýeti.
- Biotehnologiýa. Biotehnologiýanyň ykdysadyýetiň, oba hojalygynyň, lukmançylyk ylymlarynyň ösmeginde we daşky gurşawy goramakda ähmiýeti. Biotehnologiýa halk hojalygynda.
- Arheý we proterozoý erasy. Ýaşaýşyň öýjükli görnüşleriniň ýüze çykmagy we onuň prokariotlardan (bakteriýalar we gökýaşyl suwotular) eukariotlara çenli ewolýusiýasy.
18-nji soragnama
- Ýadro öýjügiň ýaşaýyş işjeňligini üpjün edýän merkezdir. Öýjügiň ýadrosynyň gurluşy we onuň ýerine ýetirýän işleri.
- Hemosintez we onuň ähmiýeti.
- Ç. Darwine çenli döwürde ewolýusion garaýyşlaryň ösüşi.
19-njy soragnama
- ATF — janly organizmler üçin energiýanyň çeşmesi.
- Köpelişiň görnüşleri. Ösümlikleriň we haýwanlaryň jynssyz köpelişi.
- Adamyň gelip çykyşy baradaky Ç. Darwiniň garaýyşlary. Adamyň gelip çykyşynyň subutnamalary.
20-nji soragnama
- Glýukozanyň kislorodly okislenmegi. Krebsiň aýlawy.
- Mutasion üýtgeýjilik (genom, hromosom, gen mutasiýalary), olaryň sebäpleri.
- Türkmenistanyň BMG-niň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly konwensiýalaryna goşulmagy: «Çölleşmä garşy göreş», «Biologik dürlülik barada», «Ozon gatlagyny goramak barada», «Klimatyň üýtgemegi baradaky çäklendiriji konwensiýa» we beýlekiler.
21-nji soragnama
- Ýaşaýşyň döreýşine häzirki zaman garaýyşlary. AI. Opariniň gipotezasy.
- Ýaglar öýjük membranasynyň esasy gurluş komponenti we energiýa çeşmesidir.
- Köp öýjükli organizmleriň hususy ösüşi.
22-nji soragnama
- Genleriň özara täsiri. Sitoplazmatik nesle geçijilik. Alamatyň kemala gelmeginde genotipiň we daşky gurşawyň täsiri.
- Ewolýusiýanyň subutnamalary.
- Jyns öýjükleriniň emele gelşi. Tohumlanma. Jynsly köpelişiň biologik ähmiýeti.
23-nji soragnama
- Jyns genetikasy.
- E. Gekkeliň we Mýulleriň biogenetik kanuny.
- Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ösüşindäki aromorfozlar, idioadaptasiýalar (diwergensiýa we konwergensiýa) hem-de degenerasiýalar.
24-nji soragnama
- Beloklaryň biosintezi.
- Gen — nesle geçijiligiň elementar birligi. Geniň düzümi we gurluşy, onuň mutasiýa geçmäge bolan ukyby.
- Ewolýusiýanyň sintetik taglymaty darwinizmiň, genetikanyň, ekologiýanyň we beýleki biologiýa ylymlarynyň ösmeginiň netijesidir.
25-nji soragnama
- Ýaşaýyş ugrunda göreş we onuň görnüşleri.
- Paleozoý erasy. Ösümlik dünýäsindäki uly aromorfozlar.
- Akademik W. I. Wernadskiniň biosfera baradaky ylmy taglymatynyň mazmuny we ähmiýeti.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Türkmenistanyň Milli bilim instituty.
Gutardyş synaglaryň Soragnamalary :Türkmenistanyň Taryhy dersi