ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gurbannazar Ezizow: şahyrdan dörän şahsyýet

“Bu gara topraga ganym siňen soň

Men hasam mynasyp ýaşamaklyga”

Gurbannazar Ezizow

 Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi, durmuş ýoly barada köp ýatlamalar, oýlanmalar häzirki günlere çenli yzygider ýazyldy we geljekde-de ýazylar. Sebäbi şahyryň türkmen edebiýatyna goşan goşandy ylmy taýdan aýdanymyzda ägirtdir, umman ýalydyr.

Her bir ýazarman bolsun, alym ýa žurnalist, şahyr Gurbannazar Ezizow barada onuň doglan senesine ýa-da dünýeden gaýdan gününe bagyşlap, okaýjylara öň aýdylmadyk, ýazylmadyk wakalary, beýan edesleri gelýär. Bu belkem dogrudyram, ýöne menä bu barada başgaça pikir edýärin. Alyp göreliň, rus şahyry A.S. Puşkini. Onuň döredijilik ummany barada gör, näçe tom-tom kitaplar ýazylanam bolsa, Puşkiniň eserleri üns merkezinden asla düşmeýär. Muny onuň beýik şahsyýete öwrülenligi bilen düşündirip bolar. Şu ýerde “şahsyýet” sözi diýenimizde, Gurbannazar Ezizowyň şahsy gündeliginde, aýdan pikiri ýadyma gelýär: “Galyberse-de şahsyýetden şahyr döremeýär, tersine şahyrdan şahsyýet döreýär”. Dogrudan-da, Gurbannazar Ezizow-şahsyýetdir. Ony şahyryň eserleri, subut etdi we edýär.

Käbir adamlar köpçülikde ýada kä ýerlerde: “näme üçin, şahyr Gurbannazar Ezizowyň ady beýleki türkmen ýazyjy-şahyrlardan kän tutulýär?” diýip soraýarlar. Elbetde muny daşary ýurt we rus edebiýaty, onuň ylmy teoriýasy bilen nätanyş adamlara düşündirmek kyn bolýar. Şo ýagdaýlarda men köplenç “Siz bu sowaly, aýdymçylardan soraň” diýýän. Gurbannazar Ezizowyň eserleri owazly äheňden dörän poeziýadyr.

Dogrusyny aýtsam, Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligi baradaky pikirlerimi okyýjylar bilen paýlaşmak islegi mende köp ýyllardan bäri döräpdi. Ýazyjy Berdi Kerbabaýew aýtmyşlaýyn“başlarym Köpetdagyň gerşindäki, ak garlar kibi saçlarym agaran soň”, ol pikirleri paýlaşyp goýmak dogrumyka diýýärin. Onsoňam, käbir tanyşlarym, “Sen Gurbannazar Ezizowyň körekeni ahyry, öz pikirleriňi aýtsaň ýerine düşerdi” diýip maslahat berýärdiler. Men-ä özümi türkmençilige uýup, oňuberdim. Ýogsa 1993-njy ýylda şol wagtky Alty Garlyýew adyndaky “Türkmenfilm” kinostudiýasynda Gurbannazar Ezizowa bagyşlap taýýarlan “Şahyryň ömür tanapy” wagtlaýyn ady bilen edebi dokumental ssenariyam önümçilik meýilnamasyna-da goşuldy. Onda şahyryň edebi keşbiniň üsti bilen onuň tragiki ýagdaýa gelşini suratlandyrmagy maksat edinýärdim. Ýöne bu çeper dokumental filmiň ssenariýasy bellibir sebäplere görä, taslama bolup galdy. Şol işe girişmäge maňa esasy itergi beren Gurbannazar Ezizowyň bajasy hem dosty, hudožnik Tokar Tugurowyň oňa bagyşlap uly ölçegde doreden“Şahyryň ölümi” atly uly palatno işidi. Bu iş çeperçilik taýdan ussatlarça ýerine yetirilen işdi. Onda merhum şahyryň tabydyň üstünde ýatan rahat keşbi, ýokarsynda bolsa, garamtyl reňke  bürenen asman tolkunlary suratlandyrlypdy. Ussahanada Tokar agaň bu işine seredeniňde Gurbannazar Ezizowyň:

 Ýöne bir gün meňem ahyrym ýeter,

  Bir gün ajal gurar ömrüme duzak.

diýen setirleri gulagyňa ýaňlanyp gidýär. Şonda Tokar aga gözüni işe dikdi-de, şeý diýdi: “Biz dört bolup otyrdyk. Men, Gurbannazar, Nury Halmämmet, Ahmet Gurbannepes. Birden Gurbannazar goşgy okap durka sägindi-de: ” Dostlar! Eger-de men hakyky şahyr bolsam, onda men 40 ýaşa ýetmerin. Puşkin Lermontow, Maýakowskiý, Ýesenin 40-a ýetmän gitdiler. Şonuň üçin meniň  şahyrlygym çyn bolýan bolsa…” diýenden, birden gije turan şemal penjiräni batly ýapdy welin, jaýa dymyşlyk aralaşdy. Biz hemmämiz bir-birimize seredip galdyk. Meniň pikirimçe, Gurbannazar“Gijeki myhman” goşgusyny şo wakadan soň ýazdymyka diýýärin”. Men şol goşguny täzeden okanymdan soň, Tokar aganyň bu pikiri bilen ylalaşdym.

“Gijeki myhman” goşgusy Ezizowyň döredijiliginde ideýa we çözgüt taýdan döredilen iň beýik eser hasap edýarin.

 Tümüň ýary penjirämiz kakyldy.

  • Salam!
  • Salam, Kim borsuňyz eý daýy?

Myhman jogap berdi örän akylly

  • Menmi? Ajal.

Has dogrusy – Ezraýyl.

Goşgunyň mowzugy ölüm we ýaşaýyş. Ezraýyl ölüm perişdesi hökmünde ýaşaýşyň soňunyň geljeginiň simwoly bolup suratlandyrylýar. Haçan-da, awtor ömrüniň gutarmagy  bilen çaknyşanda,

    “Bu iş meniň bir kitaba jemlenen

    Ölüm hakyndaky goşgularymdy “

 Onuň (Ezraýylyň) gelmegi hakykat pursady bolup durýar. Ölüm bärde durmuş sikliniň adaty bölegi hökmünde beýan edilýär. Ezraýyl bilen awtoryň gepleşigi, bu onuň içki monology – sesidir, ýagny durmuş we ölüm hakyndaky oýlanmalarydyr. Ezraýyl bärde, diňe ölüm perişdesi hökmünde çykyş etman, eýsem, ol awtora bakyýet bilen baglanyşygynyň, hakykat düşündirijisi bolup, suratlandyrylýar. Yslamyň kadasynda Ezraýyl gorkunç, ýaman sypatda görkezilmän, ol Allanyň ugradyjysy, ýagny özüne buýrulan sapary ýerine ýetiriji hökmünde hereket ediji perişdesidir. Bu bolsa, dialoga ruhy manynyň çuňňur berilmegini görkezýär. Ölümiň tebigat bilen baglanşyk ideýasy dünýä edebiýatynda duş gelýän filosofiki garaýşlary ýada salýar. Mysal üçin romantizmde – arzuwçylykda, ölüm köplenç tebigata dolanmak, gutarnyksyz bakyýete gitmekde düşünilýär.

“Gijeki myhman” goşgusynda beýik nemes şahyry Iogann Wolfgang Gýotanyň dünýä belli “Faust” eseri bilen hem ruhy kybapdaşlygynam, görmek bolýar. Bu iki eserem ömrüň, ölümiň, bakyýetiň manysy näme? diýen soraglary galdyrýar. Eger Gýotanyň gahrymany eserde göreşe we herekete gönükýän bolsa, onda, Ezizowda asudalyga we sazlaşyga ymtylýar. Bu eserleriň ikisiniňem ýakynlygyny gahrymanlarynyň ýokary güýçler bilen gepleşigi ýaşaýyş we ölüm hakyndaky filosofiki oýlanmalary bilen düşündirip bolar. Awtorlaryň ikisem bu eserlerini juwan wagtlary döredýär. Eger Gýota “Fausty” 24 ýaşynda ýazyp başlan bolsa, onda Ezizow “Gijeki myhman” eserini, hudožnik Tugurowyň aýtmagyna görä, 30 ýaşynda döredipdir.

Indi hälki dokumental filmiň ssenariýasyna dolansam, köneleň “ her şer işde haýyr bar” diýişleri ýaly, bu taslama (proýekte) men boldugyça maglumat ýygnap başladym. Ynsan garradygyça ejiz bolýar, ol ömrüniň sanalgy wagty golaýlanda ýüreginde saklap gelen käbir maglumatlaryny ýada syryny aýan edesi gelýär. Çünki, ony ýany bilen bakyýete alyp gidesi gelmeýär. Bilmedim-dä, belkem, döwrüň üýtgemegem oňa şol syry açmaga itergi berýändirdä. Men muny Türkmenistanyň tanymal halk ýazyjysy Rahym Esenow barada aýdýaryn. Onuň bilen men ömrüniň soňky bäş ýylyny duz-emek bolup gatnaşdyk. Bu ýaşuly türkmeniň taryhy, medenýeti,sungaty bilen gaty tanyş, has dogrusy, onuň bilermeni (ensiklopediýasydy). Ol tanymal mukamçy bagşy, sazandalar Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, ýazyjy Berdi Kerbabaýew, artist Alty Garlyýew, Jüneýt hanyň ogly Eşşi baý Gaýgysyz Atabaýewiň ogly Kemine, Nedirbaý Aýtakowyň ogullary Zelili we Eduard, sowet partiýa ýolbaşçysy Nikita Hruşýow, Türkmenistanyň ýolbaşçylary Şaja Batyrow, Suhan Babaýew, Balyş Öwezow, Muhammetnazar Gapurow we başgada Türkmenistanyň taryhynda yz goýup giden, birnäçe adamlary diňe görmek däl, eýsem, olar bilen ýakyndan gatnaşykda bolup pikir alşan adamdy. Rahym aga 1956-njy ýyldan tä, 1970-nji ýyllara çenli SSSR-iň baş “Prawda” gazetiniň Türkmenistan boýunça habarçysy, soňra Türkmenistanyň Medeniýet ministri, 1975-nji ýylyň şahyrlar Gurbannazar Ezizow Ýuriý Rýabinin, Wasiliý Şabanow, 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda, Gazanjygyň eteginde heläk bolan wagtlary Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolup işleýän eken. Rahym aga bilen bu bolan waka barada köp pikir alyşdyk. Onuň maňa aýdan gürrüňleriniň käbirini ýatlap geçsem, ýerlikli bolarmyka diýýärin.

(Türkmenistanyň ýazyjylar birleşigi, ortada Rahym Esenow, dik duran gara köýnekde Gurbannazar Ezizow.)

(Suratda, kompozitor Aman Agajykow, hudožnik Durdy Baýramow, kinooperator Gurban Ýazhanow, şahyr Gurbannazar Ezizow.)

(Suratda Aşgabatdan, Türkmenbaşy şäherine barýan ulag ýolunyň 304-nji kilometrinde, şahyrlaryň şehit bolan ýerinde dikeldilen ýadygärlik daşy.)

Rahym Esenowyň ýatlamasy: “1975-nji ýylyň güýzünde Türkmenistanda Bütinsoýuz ýaş şahyrlaryň festiwalyny geçirilmäge girişilipdi. Festiwala Moskwadan ýolbaşçy hökmünde Bütinsoýuz ýaşlar guramasynyň Merkezi komitetiniň propaganda we agitasiýa bölüminiň başlygy Wasiliý Şabanow bellenipdi. Dabaranyň soňky hepdesi şol wagtky Krasnawodsk oblastynda, nebitçiler we balyk kombinatynyň işgärleri bilen ýazyjy-şahyrlaryň arasynda  duşuşyk geçirilmelidi. Biz, tassyklanan sanaw boýunça oňa gitmeli şahyrlaryň adyny elimize alypdyk. Şol sanawda Gurbannazar Ezizowyň ady ýokdy. Şonda ol meniň ýanyma gelip, özüni şol sanawa goşmaklygy haýyş etdi. Emma, men Gurbannazara sanawa adyny goşup bilmeýänligimi, sanawyň ýokardan tassyklanandygyny aýtdym. Soňra meniň ýanyma, Wasiliý Şabanow bilen Ýuriý Rýabinin gelip, Gurbannazar Ezizowy sanawa goşmaklygy we ony öz jogapkärçiligine alýandygyny aýdan soň, biz sanawa Gurbannazar Ezizowy goşmaly bolduk. Moskwadan gelen  görkezmä görä, bize şol ýolda bolup geçen wakanam doly aýtman, ony gizlediler. Dogrusyny aýtsam, Merkezi komitetem, şony anyk bilýändir öýdemok. “Ony akyl huşundan aýrylan esger edipdir” diýip  ynandyrdylar. Şol iş boýunça ýörite düzülen komissiýanyň çözgüdi bilen hem tanyşdyrmadylar. Belkem, arhiwlerden oň hakyky sebäplerem tapylar”.

 

(Gurbannazar Ezizow, Rahym Esenow, Annaberdi Agabaýew.)

 Men Rahym aga – näme üçin Gurbannazar Ezizowy, gitmeli şahyrlaryň sanawyna goşmadylarka – diýenimde, ol oýlandy-da şeýle diýdi: – “Bilýäňmi, Gurbannazar erkin pikirli şahyr hasap edilýärdi. Has takygy Ezizow sosialistik realizim ideýasyndan daşlaşyp, eserlerinde hudaý, ölüm, terkidünýälik ýaly, erkin pikirleri ýöredýänligi üçin, partiýa ideologiýasy ony sosialistik jemgyýete keseki hasap edýärdi. Menden kätä ony sorabam durýardylar. Şol sebäplem onuň uly göwrümli kitaplary Gurbannazar aýatda dirikä çap edilmeýärdi. Ony metbugatda yzygider tankyt edýärdiler. Ýogsa çeperçilik taýdan gaty pes ýazýan şahyrlaryň kitaplary yzygider çap edilýärdi. Olary hat-da, tankydam etdirmeýärdiler. Şeýle görkezmeler bize ýokardan gelýärdi. Olaryň kitaplary dükanlarda tozana gömlüp ýatardy. Emma, Ýazyjylar birleşigi muňa päsgel berip bilmeýärdi. Munuň üstesine ýazyjy-şahyrlar topar-topar bolup, taraplara bölünerdiler. Ine, şeýle toparlaryň biri Moskwa ýazan töhmet arzalary bilen ýaşuly ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewi wezipesinden syndyrdylar. Şonuň üçin bizde Çingiz Aýtmatowlar döremedi. Gurbannazaram şol akymyň içinde urunýardy. Oňa “dost” syraýan ýoldaşlary onuň goşgularyny öýünde diňläp, ertesi kethudalaryna satyp,  öz  kitaplaryny çap etdirýärdiler. Gurbannazaryň özüne hem-de, frontçy kakasyna bolan hormatym bizi has hem  ýakynlaşdyrypdy. Ol käte ýanyma gelip içini dökerdi. Eserleriniň çap edilmeýänligine zeýrenerdi. Şonda men oňa, “Inim, seniň goşgularyň türkmen edebiýatynyň täze sahypasy, sen ynan şoňa. Goşgularyňda erkin pikirler kän, her ýetene içiňi açma. Kim bilen tirkeşýäniňem gowja bilgin” diýerdim.

 

       Men asyl ýok diýmedim,

       Meýlise gitdim.

       Soňra eşidip gybatym,

       Ýakamy tutdum.

 

      Ikiýana çarp urdum,

      Aýlandy başym,

     Jorap kimin çalşyrdym

     Dostdur ýoldaşym.

 

     Bir seretsem, dost nire –

     Boşapdyr daşym.

     Eý, çekgäňden ak giren,

    Garagol başym!

Rahym aganyň ýatlamasyny men şu ýerde goýup, Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi hem-de onuň mende goýan täsirleri barada durup geçmegi makul bildim.

Ilkinji gezek Gurbannazar Ezizowyň adyny kakamdan eşidipdim. Kakam Öwlüýäguly Kulyýew 1974-nji ýylda Türkmenistan respublikasynyň döredilmeginiň 40-ýyllygy mynasybetli yazyjy Berdi Kerbabaýewiň “Gaýgysyz Atabaý” ady bir romany esasynda çeper filmini döredipdi. Maňa şonda Berdi aganam ýakyndan görmek miýesser edipdi. Bir sapar kakam meni Berdi aganyň öýne alyp barypdy. Gaýtjak bolanymyzda Berdi aga öz bagyndan maňa bişen sary armydy ýolup beripdi. Soň görüp otursam  kakam Berdi aga  bilen  şol wagt filmiň ssenariýasyny maslahatlaşýan ekenler. Şol filmiň kompozitoram Nury Halmämmedowdy. Kakam “Keçpelek” filminden soň diňe Nury Halmämmedow bilen bile işlärdi. Men oňa Nury daýy diýerdim. Öýümize köp gelerdi.  Tomus aýlarydy. Kakam Nury Halmämmedow bilen bile öýe gelipdiler. Olar öýde duran lentaly “Brýansk” magnitafony açyp, ýaşyl reňkli kassetany dakyp, ony aýtdyranlarynda men ilkinji sapar Gurbannazar Ezizowyň “Türkmen sährasy” goşgusynyň täze aýdym bolup ýaňlananyny eşitdim. Ony ýalňyşmasam şol wagt üçünji ýyl talyp, Atageldi Garýagdyýew ýerine ýetiripdi. Bu aýdym maşgalamyzyň hemmesine gaty gowy ýarapdy. Soň biz ony yzygider aýlap diňlärdik. “Türkmen sährasy” aýdymy filmde ilkinji gezek ýaňlanansoň, ony radioda köp goýberip başladylar.

Ikinji sapar bolsa,  1975-nji ýylyň güýz aýyndady. Kakam işden ir gelip, şahyr Gurbannazar Ezizowyň tragiki ýagdaýda dünýeden gaýdanyny aýdypdy. ”Ýadyňa düşýärmi, geçen ýyl hol Nury bilen gelen mawy gözli ýigit. Ine, şol Gurbannazardy. Biz gijä çenli oturupdyk. Şonda ol goşgularyndan okap beripdi. Neressäň yzynda ownuk çagalaram galdy”- diýip  kakamyň ejeme gürrüň bereni henizem ýadymda.

Wagt diýeniň suw kimin basym akýar. 1985-nji ýylda  harby gullukdan gelip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, türkmen filologiýasy fakultetinde okuwymyň yzyny başlapdym. Kursumyza men, täze goşulamsoň, talyplaryň köpüsi bilen tanşyp başladym. Bile okaýan ýoldaşym Baýramgeldi Ataýew daşarda ýanymyza tarap ýöräp gelýän gyzy görkezip: – “Tanyş bol, Ýazgül Ezizowa, özem, şahyr Gurbannazar Ezizowyň uly gyzy. Fakultetimiziňem aktiw talyby. Ýazgül meniň bilen “b” toparda okaýar”-diýdi. Şondan soň biz Ýazgül bilen dostluk gatnaşyklaryny sakladyk. Haçan-da, Ýazgül durmuşa çykanda, men ilkinji gezek şahyr Gurbannazar Ezizowyň öýlerine barypdym. Şahyryň kitap tekçelerini görenim-de, haýran galdym. Ol ýerde Şekspiriň, Gýotanyň, Baýronyň, Ýeseniniň, Maýakowskiniň, Mihail Swetlowyň tomlary bardy.Tekçede  duran kitaplaryň arasyndaky dünýä belli şwesar hukukçysy Emer De Watseliň “Milletler hukugy” diýen kitaby meni haýran galdyrdy. Gurbannazar Ezizowyň adamzat jemgyýetini, asyrlar boýy gyzyklandyryp gelen, milletler hukugy, olaryň özygtyýarlylyk ideýalary bilen  öte gyzyklanandygyny bilip galdym. Soňra okuwymyzy tamamladyk. 1989-njy ýylda türkmen telewideniýesinde žurnalist bolup işe başlapdym. Ine, bir gün kakamyň çagyrmagy bilen Moskwadan arap-owgan ýazyjysy Sahyp Jemal myhmançylyga gelipdi. Kakam bir ýyl öň Sahyp Jemalyň “Kör gyzyň täleýi” romany esasynda “Gara bägüller” film spektaklyny surata düşüripdi. Onuň baş gahrymany Nediriň keşbini men ýerine ýetiripdim. Sahyp Jemal Aşgabada öňem gelip gidensoň, ilki bilen ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň edebi-öý muzeýni görmek isledi. Men Sahyp Jemal aga ýoldaş bolup, ony edebi-öý muzeýe äkitdim. Ol Berdi Kerbabaýew bilen köne dost bolandyklaryny aýdyp, eksponatlara ýeke özi aýlandy. Men bolsa oňa garaşmak üçin ekskursowod gyzyň ýanynda durdym. Görüp otursam ol gyz kursdaşym Ýazgül Ezizowanyň jigisi, şahyr Gurbannazar Ezizowyň üçünji gyzy, Sähragül Ezizowady. Onuň bilen gürrüňe gyzyp, myhmany gözden salypdyryn. Sahyp Jemal aga 83 ýaşyndady. Ol meni ýanyna çagyryp: “Bu gepleşen gyzyň kim?” diýip sorady. Men oňa, “Şahyr Gurbannazar Ezizowyň gyzy” diýip tanatdym. Sahyp aga başyny ýaýkap: “bilýän, o şahyr ýigidi, eşidipdim, onuň ykbalyny – diýdi. Soňra ol maňa garap: “men saňa maslahat bereýin. Sen diňle gojany, meniň başymdan köp zatlar geçdi. Sen şu gyzy sypdyrma, öýlen şoňa. Bagtly bolarsyň, sere-dä onuň gözlerinden nur ýagýar” – diýip başymy sypady.

( Arap-Owgan ýazyjysy Sahyp Jemal, onuň maňa gol ýazgysy bilen beren, sowgat  kitaby)

Bilmedim, belki ýazyjy Sahyp Jemalyň maslahatymy ýa özümiziň gelen kararymyzmy, 1990-njy ýylyň güýzünde, şahyr Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn:

     Indem sary ýapraklaryn manat deý

     Otyr toýuň hasabyndan geçirip.

  Biz Sähragül bilen durmuş gurduk. Şol ýyl,  toýumuzyň öň ýany, režissýor Aşyr Rahmanow Gurbannazar Ezizowyň “Nesiller poemasy” drama eserini telewideniýede sahnalaşdyrdy. Bir ýylyň içinde maňa Gurbannazar Ezizowyň eseriniň baş gahrymany Wepaň keşbini ýerine ýetirmek hem-de onuň körekeni bolmak nesibi miýesser etdi. Hat-da, şol ýyl Gurbannazar Ezizowyň elli ýaş toýy-da bellendi. Bu dabara şol wagtky Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda geçirilipdi. Özem bu şahyryň ilkinji gezek geçirilen resmi dabarasydy.

Başda aýdyp geçişim ýaly “näme üçin şahyr Gurbannazar Ezizowyň ady metbugatda, radio-telewideniýede, toýlarda, oturulyşykda beýleki türkmen ýazyjy-şahyrlardan kän tutulýar?” Ine, şu sowalyň jogabyny makalamyň dowamynda jikme-jik, düşündirmäge girişeýin.

      Kim men? Näme

      Gadym dünýäň ýüzünde?

      Men bulary ölenimden soň bilerin.

Gurbannazar Ezizow özüniň beýik şahsyýetdigini subut edip giden şahyrdyr. Ýöne, oňa döwürdeşleri ol öleninden soň göz ýetirdiler. Türkmenistan döwleti Garaşsyzlyk alandan soň, Gurbannazar Ezizow barada ýazylan makalalar, ýatlamalar sanardan juda kän. Men arada dünýäde ýaňy ýörjen-ýörjen bolup başlan, “Emeli intelekte” ChatGPT-ýe sowallar berdim. Şonda ol maňa, şeýle jogap berdi: “Türkmen edebiýatynda, medeniýetinde iň kän ady tutulýan iki sany şahsyýet bar. Olaryň birinjisi Magtymguly, ikinjisi bolsa Gurbannazar Ezizowdyr”. “Emeli intelekt” olaryň döredijiligine içkin syn hem berdi. “Eger Magtymguly döredijilik ummanyny Kurany-Kerimiň täsiri astynda döreden bolsa, onda şahyr Gurbannazar Ezizow adamzady, asyrlar boýy gyzyklandyryp gelen barlyk, ölüm, ýaşaýyş we ynsan gatnaşyklary, adamyň tebigat bilen uýgunlygy ýaly çagyryşlardan ugur alypdyr”. Ine, şunuň özi aýdyň subutnamadyr.

     “Nury Halmämmedow professional kompozitor

      hökmünde “Dutaryň owazyndan” başlanýar”-

                                                                                 Gurbannazar Ezizow.

(kompozitor Nury Halmämmedow bilen şahyr Gurbannazar Ezizow.)

Jübütlik, Alla tarapyn ýaradylan barlykdyr. Bu diňe erkek bilen aýal gatnaşyklaryndan başga, döredijilik gatnaşyklaram, şondan gaýdýandyr. Şu pelsepäni men öz gahrymanymyzyň mysalynda görkezesim gelýär. Adamda döredijilik hyjuwy möwç uranda, ol özüne direg ýada ugurdaş gözleýär. Ine, şeýle diregem durmuş ugurdaşlygyny Gurbannazar Ezizow kompozitor Nury Halmämmedowda tapýar.

 

    Ikisi-de deň öser,

    Başyn sypap ýel öser.

    Daş-töwerek guwanar:

   “Ösüşleri ne ýeser!”

    Örüsi ýaýrap gepiň,

    Wagtyny alar köpüň,

    Çep kenar saga zardyr,

    Sagam zarydyr çepiň.

 

Bu gatnaşyklar biziň sungatymyzda öňdenem bardy. Bagşy Sahy Jepbarow bilen, sazanda gyjakçy, mukamçy kompozitor, Ata Ablyýewiň döredijilik gatnaşyklary muňa mysal bolup biler. Gurbannazar Ezizow we Nury Halmämmedow bularyň ikisem geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň miwesidi. Staliniň totalitar sistemasynyň synmagy ýurtda esasanam döredijilik ýolunyň doňaklygynyň eräp başlamagy hem-de onuň ýumşamagyndan dörän hasylydyr. Muňa ruslar (ottepel) diýip at berdiler. “60-njy ýyllylar” diýip, at alan döredijilik we sungat işgärleriniň umumy sypaty hem-de häsiýetleri şeýle suratlandyrylýar.

 

  1. Açyk göwünlilikerkinligiň gözleginde: olaryň poeziýasy ykrar edilen

                                   sowet ideologiýasyndan daşlaşmak hem-de içki

                                   dogruçyllyga ymtylyp, real-adaty durmuşy görkezýän

                                   sungat eserlerini döretmekde durýar.

 

  1. Sosial we pelsepe meseleleri–olaryň köpüsi durmuş manysyny adamyň

                                                       döwlet bilen gatnaşygyny we müdimi bolan

                                                       ahlak meselelerini mowzuklarynda   

                                                       gozgamaga çalyşýär.

 

  1. Duýgy açyklygy – olar goşgularynda okaýjylary janly äheňi bilen özüne

                                   çekmeklige ymtylýar.

 

Bu döredijilik tandemi ýa-da döredijilik jübütligi hakynda aýdamyzda onda hökman kompozitor Nury Halmämmedowyň üstünde durup geçmeli bolýarys. Bularyň ikisiniňem durmuşy ruhy dünýägaraýşlary hat-da dem alyşlaram deň bolan soň, olary bir-birinden aýry göz öňüne getirmek asla mümkin däl.

Nury Halmämmedowyň döredijilik düzünde ýaňy ganatyny gerip başlan döwürleridi. 60-njy ýyllylara girýän dosty Moskwada bir wagtda bile okan syrdaşy, türkmenistanly tatar ýigidi Polat Mansurow kinematografiýaçylar institutynyň soňky ýyl talybydy. Polat ýaňy okuwy gutaryş diplom işene başlapdy. Ol Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti äheňinde gysga bölümli filme girişipdi. Poladyň özem ýaşlykda sazçylyk mekdebinde okansoň, filmiň sazyny ýaňy Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýany tamamlan Nury Halmämmedowa ynanypdy. Nuryň fortopiýano üçin döreden “Dutaryň owazy” sazy Polady beýhuş edipdi. Poladyň filmiň sazyna tazeçe çemeleşip biljek kompozitora ynamy bardy. Egerde, şol wagt Polat Mansurow şol filmini“Türkmenfilm” kinostidiýasynda önümçilige goýberen bolsa-dy, onda elbetde ýaňy instituty gutaran uçrum kompozitora filmiň sazyny ýazmaklygy kinostudiýanyň ýörite döredijilik topary asla rugsat bermezdi. Olar  synagdan geçen, döwlet baýraklaryna mynasyp bolan, kommunistik partiýanyň agzalary, ýaşuly kompozitorlara ynanardylar. Beýle bolan bolsa, biz häzirki “Şükür bagşy” kinomyzy görmezdik. Muňa dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň şol wagtky merkezdäki “Sowetskaýa kultura” gazetinde çap bolan makalasynda “Şükür bagşy” filmi barada aýdan sözleri şaýatlyk edýär: “Eger kompozitor Nury Halmämmedowyň sazy bolmadyk bolsa, film beýle güýçli çykmazdy”.

Şol filmiň sazyny Nury Halmämmedow 24 ýaşynda döredýär. Şu ýerde şol film barada ýene käbir maglumaty getirmegi  dogry gördüm. Režissýorlyk gutaryş diplom işleri aslynda dowamy 20-30 minutlyk bolardy. Emma filmiň çeper ýolbaşçysy ýaşuly halypa režissýor Sergeý Gerasimow Poladyň surata alan iş kinolentalaryny görensoň, filme ýazylan sazy diňlänsoň, ony doly metražly ýagny iri göwrümli film etmegi maslahat berýär hem-de goldaýar. Şeýdip doly görnüşli “Şükür bagşy” filmi döreýär.

                (Iki dost)

Biziň gahrymanymyz Gurbannazar Ezizow şol filmiň yz ýany kompozitor Nury Halmämmedow bilen ýakyn dostluk gatnaşyklaryna başlaýar. Bular döredijilik taýdan özlerini bir-birine ýakyn görýärler. Şeýdip bularyň jübüt döredijilik tandemi pajarlap gidýär. Gurbannazar ilki Polat Mansurowyň “Gyrnak” atly çeper filmine iki sany aýdym döredýär. Olaryň birini “Daglar” diýen aydymyny  filmiň baş gahrymany Atah baba at çapyp barýarka, atyň üstünde aýtmalydy. Emma, kinostudiýanyň döredijilik soweti muny görenlerinde, oňa bellik edýärler: –“çapawulçy galtaman bular ýaly owadan aýdym aýtmasyn ýogsa ol tomaşaçyny özüne çeker” diýip, bu aýdymy filmden aýyrdýarlar. Ýöne, bu aýdym Atageldi Garýadyýewiň esasy repertuaryna girýär we häzirki günlerde teleradio ýaýlymlarda ýaňlanýar.

 

      Boýumy boýuňa deňän halatym,

     Toba edip öňüňde çökerin, daglar?

 

Soňra Gurbannazar Ezizow kompozitor Rejep Rejepow bilen režissýor Hojaguly Narlyýewiň “Gämiçiniň jany bir” diýen filminde şowly çykan “Geoloklaryň aýdymy” diýen eserini döredýär. Gurbannazar Ezizowyň halk döredijiligi äheňinde  ýazan, “Uzak ýaýlada enäň hüwdüsi” aýdymyny köpler bilýän hem bolsa,  onuň , Hojaguly Narlyýewiň “Gelin” filmine ýazan “Hüwdüsini” diňleýjileriň köpüsi bilýänem däldir. Bu hüwdi filmiň gutaryş epizodynda baş gahryman tarapyndan aýdymçy Güljan Hümmedowa ýerine ýetirýär. Ony diňläniňde bokurdagyň dolanyny duýman galýarsyň.

 

      Ýerde gülüň solmasyn

      Gökde günüň öçmesin

      Il başyna düşen iş 

      Deňimizden geçmesin

 

Gurbannazar Ezizow bilen Nury Halmämmedowyň döredijilik gatnaşyklary günsaýyn ýygjamlaşýar. Muny şahyr Ezizowyň şahsy gündeligini okanyňda göz ýetirýärsiň. Şeýle ýazgylaryň biri 1969-njy ýylda çap edilipdir. Türkmenistanyň Özbegistanda geçen edebiýat we sungat wekilleriniň ongünlügine gatnaşyjylar Ezizow bilen Halmämmedow otluda bir küpede barýarkalar özara  pikir alyşmalaryna syn edeliň: Ezizow Halmämmedowdan döredijilik gözlegleri, onuň özüne çekýän hadysalary barada soraýar: – Saz ilki bilen filosofiýadyr. Ähli beýik kompozitorlar hut özleriniň akyldarlygy bilen meni bendi edýär. Bethoweniň “Ykbal gapyny kakýar” atly simfoniýasy näme üçin şu wagtam täzeçe ýaňlanýar? Elbetde özüniň rewolýusionlygy bilen. Haýran galaýmaly zat: Germaniýada ölmez-ýitmez eserlerini döredip ýören Bethowen ýaňky simfoniýasynda fransuz rewolýusiýasynyň boljagyny geniallyk bilen öňden görüpdir. Diýmek, her bir özüni sylaýan kompozitor, edil ýazyjy ýaly syýasatçydyr. Meniň söýgüli kompozitorym Skrýabiniň öňe sürýän filosofiýasy: Men ähli zat, ähli zat men” diýýär. Tebigatyň iň kämil bölegi – Adam, göreşiji, ýeňiji –Adam, ine, Skrýäbiniň temasy! Meniň birinji mugallymym türkmen halk sazy bolsa, ikinjisi, gürrüňsiz, Skrýabin. Türkmen sazy özüniň agraslygy, çuňlugy, ýakymlylygy bilen iň beýik kompozitorlaryň eserlerinden pes oturanok. “Dutaryň owazy” türkmen sazyna söýgimiň, sylagymyň netijesimikä öýdýän”.

(Nury Halmämmedow)

Bularyň dostlugy dura-bara dogandanam, ýakyn gatnaşyklara geçýär. Dostlar öňde goýan meýilnamalary boýunça romanslar döretmek galybersede “Görogly” operasyny sahnalaşdyrmak işine girişýärler. Gurbannazar Ezizow “Görogly” libirettosyny ýazmagada başlaýar. Käbir bölümlerini taýýar hem edýär. Kompozitor hem şahyr bir-birlerine döredijilik taýdan mäkäm baglanýar. Muny olaryň bir-birine ýazan hatlarynda görseň bolýar. Şahyryň ejesi Gülnabat daýza bu barada şeýle gürrüň beripdi:- Nury günde diýen ýaly biziň öýmüzdedi. Gurbannazar-jan iş sapary diýip gidende gelmezdi, niçikmi oglum geldigi, gije bolsada gelerdi, käte ýatyp hem giderdi. Şol pajygaly günden soň, Nury ýanyma gelip, aglap-aglap giderdi. Gapydan girenini görsem, ikimizem bile aglaşardyk. Gurbannazar-janyň aýralyk oduny kakasy, Azyz aga bilen Nury deň paýlaşardy. Oglumyň çagalaram oňa öwrenişipdiler. Nury tä dünýeden gaýdýança bizi unutmady. Men Gurbannazaryň sözlerine aýdymlar  döredýän – diýerdi.

 

(Gurbannazar Ezizowyň maşgalasy, ortada ejesi Gülnabat daýza, onuň sagynda gelinleri Halnabat gelneje çagalary bilen)

 Dogrudan-da, kompozitor Nury Halmämmedow şahyr Gurbannazar Ezizowyň sözlerine birnäçe romanslar, aýdymlar siklini döretdi. Ýogsa, ol Gurbannazar dünýeden gaýdan soň, bary-ýogy sekiz ýyl ýaşapdy. Şol ýyllaryň içinde, “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, “Durnalar”, “ Dostlarma,” “Şahyr ýüregi”, “Bir gün bag deý ýanyp köýseň” ýaly döreden romanslar toplumy diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanypdy.

 

“Tankyt ediljegimi bilsem-de, ýene

 Güýz bilen oturyp gussa çekýärin”.

 

Gurbannazar Ezizow

 Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginiň edebi-tilsim teoriýasyna geçmezden, edebi tankydyň üstünde säginip geçeliň. Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda Türkmen sowet poeziýasynda metbugatda çeper-döredijilik maslahatlarynda ýaşýazyjy-şahyrlaryň seminarlarynda iň köp tankyt edilýän şahyr, Gurbannazar Ezizowdy. Gaty gyzyklanýan okaýjylara şol döwrüň metbugatyna seretmegi maslahat berýän.

Näme üçin Gurbannazar Ezizowy beýle ýepbekledilerkä? Dogry, o döwürler edebiýatda we sungatda tankyt, özara pikir alyşmaklyk has ýörgünlidi. Ýeri gelende aýtsam, sazçylyk sungatynda-da kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijiligi tankyt astyndady. Bu barada biraz soňurak durup geçeris.

   (Gurbannazar Ezizowyň golýazma gündeliginden.)

Tankyt döredijilik işgärine goldaw öwüt-nesihat bermek indiki eserilerinde aýdylan belliklerden ugur almak üçin nazarda tutulan hem bolsa, şahyr Ezizowa gelende ol başgaça çemeleşilýär. Sebäbi Ezizowyň eserleri adaty kabul edilen marksistik-leninizm taglymatyndan daşda durýardy. Has dogrusy, sosialistik realizmi inkär edilip, erkin oýlanma, barlyk, ynsanyň dünýedäki orny, şahsyýet bolmak, hakykaty gözlemek ideýalary ündelýärdi. Bu, asla kommunistik ideologiýasyna ters gelýärdi. Onda edebiýat partiýalaýyn bolmalydy. Şol taglymatdan çykmaly däldi. Entek 1946-njy ýylda, sowet hökümetiniň edebiýatda goýberilen “ýalňyşlyklar”, has takygy şahyr Anna Ahmatowanyň “halka ýat ideýasyz” poeziýasyna garşy kabul edilen kararynyň heniz jany bardy. Eger-de Gurbannazar Ezizow 1937-nji ýyllarda ýaşan bolsa, onda ýazan goşgulary üçin ol rus sowet şahyry Osip Mandelştamyň ykbalyna duçar bolardy. Şeýle äheňleri käbir tankytçylaryň şol döwürdäki işlerinde aýdyň görmek bolýar. Sebäbi gapyň bosagasyna “durgunlyk” ýyllary gelipdi. Staliniň zürýatlary ony höwes bilen garşylapdylar. Şol tankytçy zürýatlaryň biri şahyr Ezizowyň “Gaplaň” diýen goşgusyna ýazan synyna seredeliň.

 

      Ol gaplaň ýene-de çümer giderdi

      Adam gözleriniň doňaklygyna.

      Geň galyp, geň galyp bakardy hemme,

      Ýesiriň geými dek zolaklaryna.

 

Goşgy haýwanat bagynda gözenegiň aňyrsynda ýatan gaplaňyň hal – ýagdaýy hakynda gidýär.  Ýokardaky  setirlere hormatlanýan alym edebiýatçy, şahyryň mugallymlarynyň biri “Edebiýat we sungat” gazetinde açyklama berýär. “Ýesiriň geými dek zolaklaryna” diýen jümläni jemgyýetimize atylan şek hökmünde şahyry aýyplaýar. Ol goşgyň çeperçiligine asla ünsem bermeýär. Sebäbi bu goşgy, adaty düzüliş kadasyna boguny on bir, ikinji setiri bilen dördünji setiriň, soňky sözleri kapyýalaşyp, klassyky görnüşine doly gabat gelýärdi. Emma, tankytçy alymy, şahyryň içki pikirleri, onuň gaplaňa bolan duýgulary has gyzyklandyrýardy. Şol sebäpli,  professor şony makalasynda görkezmäge  çalyşýar.  Bu  elbetde beýle däldi. Şahyr Ezizowyň döredijiliginde ýesir ýesirçilik sözleri onuň 1941-1945-nji ýyllardaky urşa gatnaşan kakasy Azyz aganyň ykbaly bilen baglydy. Onuň Mauthauzen konslageri bilen baglanyşykly ýazan goşgularynda hem-de “Nesiller” poemasynda” köp duş gelýär. Şahyryň kakasy Azyz aga uruşda ýesirlikde bolup, ondan dolanyp gelende-de köp ýyllar göz astynda bolupdyr. Hat-da, şol döwürler stalinizmiň çykaran karary bilen, ýesirlikde bolan esgerlere, uly şäherlerde ýaşamak, işlemek gadagan edilýär.Elbetde şol hadysalar ylaýtada Azyz aganyň  gören görgüleri we horluklary Gurbannazar Ezizowyň ýüreginden çykmaýardy. Şonuň üçin bu meňzetmäni ulanmak bilen şahyr gaplaňa bolan gynanç duýgusyny, ýesiriň düşen haly bilen deňeşdirip, görkezýär. Netijede makalada tankytçy şahyryň gaplaňyň üsti bilen ýesire bolan duýgudaşlygyny, inkär edýär. Sebäbi, ýurtdaky hemme ýesirleri “adalatly” otyrlar. Şonuň üçin olara durmuşda-da, edebiýatda-da, duýgudaşlyk asla bolmaly däl.

Tankytçylar şahyryň pikir ýöretmesine ak  goşgy ýolunam, inkär edýärdiler. Şol döwrüň, esasam 50-60-njy ýyllaryň şahyrlary, Ezizowyň türkmen poeziýasynda döredýän şygyrlaryna, göwniýetmezçilik bilen garaýarlar. Muňa onuň golýazmalaryndan göz ýetirip bolýar. Gurbannazar Ezizow öz belliklerinde şahyr Gara Seýitliýew bilen bolan ilkinji duşuşygy barada şeýle ýazýar. “Men goşgularymdan bir-iki sanysyny okap boldum welin, Gara aga maňa- Eziz,(ol meň adymy tutman familiýamy at edindi, belki adym ýadynda-da  galandäldir-dä) sen-ä  meniň ýaşlygymy ýatlatdyň oturyberdiň.

Gara Seýitliýew 30-njy ýyllarda türkmen edebiýatyna goşulan ýaş şahyrdy. Elbet-de, ol döwürler, şahyr Maýakowskiniň futurizm ýolundan döreden goşgulary ýaş Gara Seýitlä täsir edenem bolsa, soňra sosialistik realizm taglymaty ony öz penjesine dartyp alypdy. Belkem, Ezizow öz okan goşgulary bilen Gara Seýitlä az hem bolsa, şol döwrüň erkin şemalyny ýatladandyr.

Şahyr Ezizowyň döwürdeş ýazyjy-şahyrlary onuň saýlan poeziýa äheňlerini gowy görselerde ony açyk goldamaýardylar. Olar Gurbannazara diňe tomaşa edýärdiler: “uzak ýörärmika, ýa büdürärmika, ýykylarmyka”-diýip garaşýardylar. Hat-da, oňa ýakyn duran “dostlary”, atly-abraýly şahyrlaryňam agyzlary ýaşmaklydy. Şu ýerde şahyryň şeýle setirleri ýadyma gelýär.

 

     Aždarhany getiriň,

     Mende şindi gurp kän!

     Gorkýan ýeke bir zatdan:

     Gorkaklardan gorkýan.

 

 

 (Şahyrlar, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Berdinazar Hudaýnazarow)

Gurbannazar Ezizowy şol tankytçylardan onuň käýarym Moskwada çykýan çelpek ýaly ýuka kitaplary goraýardy. Şeýle kitaplaryň biri “Dwa derewo” ady bilen “Sowetskiý pisatel” neşirýatynda 1972-nji ýylda çap edilýär. Moskwada näme-de bolsa sagadyň dilleri durman işleýärdi. Ýogsa onuň galyň kitaplara öwrüljek şygyrlaram köpdi.

Tankyt soňky zarbasyny şahyr Gurbannazar Ezizow tragiki ýagdaýda şehit bolandan soň, onuň bakyýet gapysyna ýene öz awusyny pürkýär. Bu barada, hudožnik Tokar Tugurow ýatlamasynda şeýle belleýär:“Gurbannazary topraga berip, ýadygärlik daşynyň ýüzünde, onuň “Topragym” diýen goşgusyndan şu setirleri goýamyzda:

    “Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,

    Galplygam etmedim, hudaýa şükür.

    Käte göge galdym, kä gökden indim,

    Emma hiç ýitmedim, hudaýa şükür”

 

-“Bu setirler bolanok! Onda-da, hudaý sözi. Özüňiz aýyrmasaňyz, onda biz, ony tekizläp aýyrarys”- diýip atylan haýbatdan soň, biz Gurbannazaryň başga bir setirlerini daşa ýazdyryp, ony  öňki ýazylan setirleriň üstünden ýelmedik. Wagtyň geçmegi bilen watanmyzyň garaşsyzlyk alan uçraklary o daş özi gopup ýere gaçypdyr. Şol daşy şol günlerden ýadygär bolsun diýip, mazaryň baş ujunda goýduk. Häzirem barsaň durandyr “diýip. Tokar aga gürrüňini jemledi.

(şahyr Gurbannazar Ezizowyň, baky aram tapan ýerindäki gonamçylygy)

 

   “Nury Halmämmedow, zorlukly döwrüň talabyna gabat

    gelmedik, aýratyn üýtgeşik döredijilikli şahsyýetlere

    degişlidir.Ol Wladimir Wysoskiý ýaly açyk ýürekli, töhmet

    ýarasyna duýgurdy. Nury, şahyr Boris Pasternak, Wladimir

    Wysoskiý ýaly, ýakyn geçmişiň gurbany bolupdy.”

 

                                                                                    Sofýa Hentowa    Saz öwreniji, sungat ylymlarynyň doktory.

 

  Nury Halmämmedowyň döredijiligi, onuň gören külpetleri, edil Gurbannazar Ezizowyň ykbalyny ýada salýardy. Halmämmedowy her ýeten saz öwrenjini, kompozitor aý garaz sanasaň sanabermeli ýerli– ýerden partiýanyň ideologiýa bölüminde kompozitorlar birleşiginde tankyt taýagy bilen ýepbekleýärdiler. Bu esasam 60-njy ýyllaryň aýaklarynda we 70-nji ýyllarda bolupdy. Elbetde, edilýän tankytlar Nura ruhy taýdan agyr düşýärdi. Onuň döreden aýdymlarydyr sazlary kabul edilen nusgawy ölçeglerine gabat gelmeýär diýlip inkär edilýärdi. Radioda Nurynyň aýdym sazlarynyň ýaňlanmasy azalýardy. Hat-da, şol döwürler oňa “Aýgytly ädim” filmi üçin berilen Magtymguly adyndaky döwlet baýragam yzyna alynmaly edilipdi. Bu ýagdaýlar Nuryny ruhy çökünlige salsada, ol döredijiliginden el çekmeýärdi. Onuň durmuşy Mosart bilen Solýeriniň gatnaşyklaryny, bassaşlyk we göripçilik täleýini ýatladýardy. Men oglan wagtym Nury Halmämmedowy kän görýärdim. Ilkiler öýde ol kakamyň ýanyna gelerdi. Soňra “Türkmenfilm” kinostudiýasynda gabatlaşardyk. Kinorežissýor Muhammet Söýünhanow 1982-nji ýylda “Söýgiň gussaly hekaýaty” atly çeper filmi surata düşüripdi. Şol filmiň kompozitory Nury Halmämmedow men hem filmiň baş gahrymanlarynyň biri Doduryň keşbini ýerine ýetiripdim. Şonda onuň bilen kinostudiýanyň ses ýazylýan zalynda duşuşardyk. Bu film onuň iň soňky işlän kinosydy. Bir gezek kakam bilen onuň 11-nji mikroraýonyndaky bir otagly jaýyna baranymyz ýadyma düşýär. Men oňa Nury daýy diýerdim. Ol ýüzi açyk, mylaýym adamdy. Gürlände iki dilem, rus hem türkmen dilini garyp geplärdi. Nury kakam bilen dertlenşip oturardylar. Onuň Pianinosynyň üstünde Magtymgulynyň, Mollanepesiň kitaplarynyň açylgy duranyny görüpdim. 1983-nji ýylyň tomus aýlarydy. Men ýokary okuw jaýyna girmek üçin taýynlyk görýärdim.Kakam ýanyma gelip: “Ýör, Nury Halmämmedi sorap geleli, ol keselhanada ýatyr” diýdi. Biz şol wagtky saglygy saklaýyş ministrligiň 4-nji uprawleniýesine bardyk. Lukman bizi onuň ýanyna  kynlyk  goýberdi. Nury kakama “Lew, (ol kakamyň adyny şeýle tutardy) garpyz iýesim gelýär ýöne, lukman azot görmedik bolsun – diýýär, taparmyň? – diýdi. Kakam:” Seniň üçin ýeriň aňry ujuna gitmeli bolsam-da, taparyn” diýdi. Göni ýanyndan çykyp  şol wagtky “9 komissarlar” adyndaky sowhozyna gidip, azot berilmedik garpyzdan maşynymyzy dolduryp geldik. Biz keselhana baranymyzda lukmanlar meni Nury daýyň ýanyna goýbermediler.Kakam girip birsalymdan ýüzüni aşak salyp çykdy. Onuň gözleri ýaşaryp durdy. Men: – ýeri nähili, iýdirdiňmi garpyzy – diýsem – “ görgüliň ysgyny ýok, neresse gurap barýar” diýdi. Biz öýe barynçak dymyp oturdyk. Haçan-da, Nury Halmämmet dünýeden gaýdansoň, kakam –“Nury görgülini öz kärdeşleri  depelediler. Nämemişin onuň sazlary özüniň döreden sazlary dälmiş. Ol halk sazlaryndan alyp, özünki diýärmiş. Şeýle toslamalaryň üstüni ýetirip, käbir “saz öwrenijiler” gupbaly jaýa yzygider habar uçurýardylar. Men bolsa, şol kompozitor sumaklara – “Sizem dörediň Nuryňky ýaly türkmen halk sazlaryny ulanyp.Ine, şonda eserleriňiz kinolarda ýaňlanar, halkam ony kabul eder” diýip, – kakamyň janyny ýakyp aýdanlary ýadymdan çykanok.

                                       “Häzir Nury Halmämmedow “Keçpelek”  filminiň sazyny ýazyp gutardy diýen ýaly.

                                                    Filim şindi ekrana çykanok. Emma onuň iki aýdymy   eýýäm aýdylyp ýör”.   

                                                                             Gurbannazar Ezizow 1969-njy ýyl gündelik   ýazgylaryndan.                                                                          

                                                                                                                                                                              Dogrudan-da, Nury Halmämmedowyň döredijiliginde “Keçpelek” sazy iň beýik naýbaşy eseri bolup durýar. Haçan-da, kompozitory soňky ýoluna ugradylanda onuň wesýeti boýunça “Keçpelek” sazy tä, gonamçylyga çenli ýaňlanyp gidipdir.

(kompozitor Nury Halmämmedowyň, baky aram tapan ýerindäki ýadygärligi.)

 

“Poeziýa gözellik hakyndaky ylym”

Gurbannazar Ezizow

 Gurbannazar Ezizowyň poeziýa açaryny alyp onuň içine ýene bir seredip göreliň. Biz onuň poeziýasyna ak goşgy diýip at berýaris.

Ak goşgy – bu poeziýada goşgy setirinde, kapyýa bolmaýar ýöne onda ýörite ölçeg saklanylýar. Şeýle goşgularda esasy kapyýa däl-de, ritime –sazlaşyga, äheňe, basyma we sözleriň täsirligine üns berilýär. Kapyýaň ýoklugy awtora sözleri we söz düzümlerini ulanmaga erkinlik berýar. Bu hem awtoryň pikirlerini okyjylara ýetirmäge, olara täsir etmäge hyzmat edýär. Gurbannazar Ezizowyň söýgüli şahyrlarynyň biri Wilýam Şekispir dýnýä belli “Gamlet” eserini ak goşgy görnüşinde döredýär.

Erkin goşgy düzüliş kadalaryna näçe çuňlaşdygyňça şonçada ol giňäp barýar. Bu  ýolda goşgy ýazýan şahyrlar eserlerinde onuň ideýasyna görä dürli ýollary ulanypdyrlar. Mysal üçin Gurbannazar Ezizowyň eserlerinde, “werlibr”, erkin goşgy görnüşem gabat gelýär. Bu görnüş erkinden – erkin kadadyr. Munda kapyýa, ölçeg düzümi bolmaýar. “Werlibr” poeziýanyň tebigy sazlaşygyny, äheňini, täsirligini, aýdyňlygyny hem-de basym kadasyny  saklaýar.

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijiligini şol döwürler SSSR-de ýaşap döreden belli şahyrlar 60-njy ýyllylaryň öňdebaryjy sütünleri Robert Roždestwenskiý Ýewgeniý Ýewtuşenko Andreý Woznesenskiý Bella Ahmadulina, Mihail Swetlow ýaly şahyrlar bilen deň derejede goýup bolar. Olar bir döwrüň şahyrlary. Döreden eserlerinde olary esasy ynsanyň ykbaly, durmuşyň manysy, ömür ýoly ýaly temalar orun tutýar. Bu şahyrlaryň goşgy dörediş tilsimleri täze akymyň başlangyjy bolupdyr. Olaryň döredijiligi ynsanyň baýdak göterijisine öwrülipdir.

(surtlarda şahyrlar, Ýewgeniý Ýewtuşemko, Andreý Woznesenskiý, aşakda, Bella Ahmadulina we Robert Roždestwenskiý.)

Gurbannazar Ezizowyň eserleriniň şol şahyrlar bilen ýakynlygyny deňeşdireniňde has golaý gelýäni meniň pikirimçe  Robert Roždestwenskiý bolup durýar. Mysallara geçmezden şu ýerde Gurbannazar Ezizowyň ýaşlyk dosty, mugallym Derýa Baýramgulyýewiň ýatlamasyny getireliň:

“Gurbannazar Robert Roždestwenskiýni has gowy görerdi. Roždestwenskä azajyk öýkünerdem: “Seret, ol goşgy okanda sakynýar gerek? Menem sakawlaýan” Şeýdip, yzynam gülkä ýazdyrardy.”

Bu mysalda Gurbannazar şahyr Roždestwenskini özüne halypa hökmünde görýänligi suratlanýar. Dogry,  Robert Roždestwenskiý Gurbannazar Ezizowdan kän ulydy. Ol 1932-nji ýylda doglan bütin soýuz boýunça tanalýan şahyrdy.   Onuň goşgulary owazly aýdyma ýakyndy. Gurbannazar Ezizowyň goşgularynyň aglabasam owazly, aýdymlara kybapdaş döredilendi. Bu iki şahyryň eserlerinde hemme taraplaýyn (goşgyň tehniki gurluşy, köp ýerde sada kapyýalaň ulanylmagy we gozgaýan temalarynda) ýakynlyk duýulýar. Ol göni manydaky meňzeşlik bolman eýsem iki şahyryň ruhy taýdan oýlanyşlary hem-de dünýä garaýyş pikirleriniň arassa ýürekden çykyp ýönekeý okyja we diňleýjä täsir etmegidir. Şeýle duýgular Roždestwenskiniň “Blagodarýu tebýa”, “Çeloweku nado malo”, “Lebedi,” “Dal welikaýa”, goşgularynda has hem duýulýar.

 

    В свой последни час

    я вздохну, скорбя,

    И на жизнь свою огленусь.

    Малым зернышком

    упаду в тебя,

    спелым колосом вернусь.

 

Gurbannazar Ezizow şeýle beýan edýär:

 

   Adam ölüm diýip tapypdyr bir zat,

   Ölüm näme?

   Tebigata garylmak,

   Bahara gül bolup getirmek şöhrat

   Daň-säherler pyntyk bolup ýarylmak.

 

 Edil Gurbannazar Ezizow bilen kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijilik birligi kimin Robert Roždestwenskiý bilen, kompozitor Mikail Tariwerdiýewiň döredijilik gatnaşyklary biziň umumy taryhymyzda, öçmejek yz galdyrdylar.

 

    Men özümi aýamadym hiç ýerde.

    Gorum gutarar diýip etmedim müýni.

    Kä söýenim üçin urdular meni,

    Kä gazabym üçin söýdüler meni.

 

Gurbannazar Ezizow öz döwürdeş şahyrlaryndan köp zatlara garaşýardy. Ol özüniň erk-duýgusy bilen olary beýiklige çagyrýardy. Emma ony eşitmeýärdiler. Gurbannazar poeziýaň şo gününi hem-de ertirini alada edýärdi. 

(suratda şahyr Gurbannazar Ezizow ýaş ýazyjy-şahyrlar bilen.)

 Ezizow özüne mahsus şahyrlary gözleýärdi, emma  olar döräbermeýärdi. Türkmen poeziýasy Gurbannazar Ezizow dünýeden gidensoň has-da garyplaşdy. Biz onuň aýratynlygyna şindem doly düşünmeýäris. Gurbannazar Ezizow biziň poeziýamyza Alla tarapyn iberlen şahyrdy. Men ony doly aýdyp bilerin.

Ezizowyň garaşan umytlary başa barmady. Häzir şahyrçylyk poeziýa bilen meşgullanýanlaryň aglabasy Ezizowyň getiren erkin ak goşgy görnüşindaki goşgularyny ýazsalarda, olarda Gurbannazaryň gozgan ideýalary, çagyryşlary, ýürek duýgulary, asla görünmeýär.

Gurbannazar Ezizowy her okanyňda özüňe täze açyşlar edýäň. Muny esasam onuň bize goýup giden goşgularynda gündelik ýatlamalarynda görüp bolýar. Şol ýazgylarda onuň öte bilimli, sowatly şahsyýet bolanlygy aýdyň görünýär.

 

    Bize manysy duýgudan güýçli, duýgusy manydan

    güýçli  goşgular gerek. Pikassoň  (hudožnik) bir suraty

    bar: seniň  seredip oturan suratyňda pişik ýok, ýöne

    geň-taň çyzgylarda pişigiň ýylgyrşy görnüp dur.

                                                                                                Gurbannazar Ezizow “Gündelikden”

 

Maňa şahyryň bu pikirleri örän täsir etdi. Modernizm akymyň baş wekilleriniň biri bolan hudožnik Pikassoň abstrakt işlerini poeziýa bilen baglanyşdyryp mysal getirip bilýän türkmen şahyryna men ilkinji gezek gabat geldim. Sebäbi, bu aňyrbaşy sungat oňa dogry we doly düşünmek, bu pellehana gelenligiňi aňladýar. Muňa hat-da, türkmen hudožnikleriniň köpüsem düşünmeýär.

                      (Gurbannazar Ezizowyň, gündelik ýazgylaryndan.)

Olar realizm akymynda galyp osüşe ymtylmaýarlar. Hudožnik Tokar Tugurow ilkinji abstraksiýa akymynda işler ýazan şahyr Gurbannazar Ezizowyň dosty we bajasy bu barada şeýle gürrüň beripdi. Gurbannazar Ezizowyň umyt baglan ady belli şahyrlarynyň biri, adyny aýdyp durmaýyn Tokar aganyň ussahanasyna gelýär. Ol onuň işlerine seredip: “Tokar, şu seniň çekýän suratlaryňa düşüner ýaly däl, ýöne çyzyk-myzyk bolup durla Munyňdan sungat bolmaz, Tokar-jan. Ine düýn telewizorda hudožnik Pablo Pikassoň “Müşdükli oglanjyk” diýen ýönekeý işini auksionda 104 million dollara satypdyrlar. Eger-de Kazemir Malewiçiň “Gara dörtburçlyk” diýen işi  satlyga çykarlan bolsa onda ol 200 million dollara giderdi diýýär. Aý, Tokar-jan, olar ýaly suraty meň iň kiçi agtygymam çeker, reňk berseň” diýipdir. Tokar aga oňa, jogabam bermändir. Bu, elbetde, göýdüklik. Gurbannazar Ezizowyň, ündeýäni, şol göýdüklikden daşlaşmakdy.

                                                                          Tukatlyk – abstrakt duýgy. Güýz pasly – onuň konkret formasy.

                      Men näme üçindir güýz paslyna tukatlygyň, optimistik tukatlygyň,

                      simwoly diýip düşünýärin.

                                                                Gurbannazar Ezizow, 11.04.1963 ý.

Şeýle, filosofiki pikir ýöredip bilýän, dörediji adama, ylaýtada türkmenlerde men duşmadym. Gynansagam, häzirem şonuň ýaly adamlar ýok.  Bu  jemgyýetiň degradasiýa (uçyda) tarap ýöredigimikä? Ýok! Sebäbi garaňkylykdan soň daň atýar.

“Eger Magtymguly türkmen edebiýatynyň galasy bolsa, onda Gurbannazar Eziz ogly oň tugudyr”

 Ýusup Kulyýew, sungat öwreniji.

 

 

Ýene-de okaň

Myrat Nyýazow: gülki meýdanynyň pälwany

Allaýar Çüriýew: soraň, bilenimi aýdaryn

Ata Watan Eserleri

Esger Möwlamow: halypa sazandanyň sarpasy

Ata Watan Eserleri

Ýelizaweta Garaýewa: kino sungatymyzyň «Karkarasy»

Akgül Saparowa: okyjylarym ylham ganatym

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet