JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň dörediline 3 ýyl doldy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Bu şanly senä mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda täze açylan “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde dabaraly çäreler guraldy.

Bu dabaraly çärelere  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan ýurdumyzyň ýaş raýatlary,  Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem-de Arkadag şäherinde geçirilýän halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga gelen dünýäniň dürli döwletleriniň mekdep okuwçylary gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatanaşan çäresinde haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan ýurdumyzyň ýaş raýatlary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem-de Arkadag şäherinde geçirilýän halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga gelen dünýäniň dürli döwletleriniň mekdep okuwçylary “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezi bilen tanyşdylar.

Bu ýerde olara dürli önümler hödür edildi. Şeýle hem “Arkaç” söwda-dynç alyş merkeziniň çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalarynda, attraksion oýun bölümlerinde wagtyny hoş hem-de şadyýan geçirmegiň üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Mälim bolşy ýaly,  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň 29-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gol çeken taryhy Karary esasynda döredildi.

2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulan gününde ýurdumyzda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap çapdan çykdy.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda 117 sany ýürek-damar keselleri, 102 sany ortopedik keseller we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri alnyp baryldy. Mundan başga-da, 47 çagada saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. 54 çaga saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.

Gaznanyň hasabyna halkara derejeli ýaryşlarda Watanymyza mynasyp wekilçilik eden türgenlere gymmat bahaly sowgatlar berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýylyň 29-njy iýunynda açylyp ulanmaga berlen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda gurlan sebitde ýeke-täk saglygy goraýyş edarasydyr.

Geçen döwürde gaznanyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň ýertitreme, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň suw almagy zerarly ejir çeken çagalaryna, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär