SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy gemodializ enjamyny sowgat berdi

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine sowgat berildi.

Şu gün «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň toksikologiýa we çagalaryň gemodializi bölümine sowgat berilmegi döwletimiziň ýaş raýatlarynyň saglygy we abadançylygy baradaky üznüksiz aladalarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

«B.Braun» kompaniýasynyň iň soňky döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip düzülen täze nesil «emeli böwrek» enjamy dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Germaniýanyň meşhur kompaniýasynyň şunuň ýaly täze enjamlary şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna sowgat berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar