SPORT

Gurban Berdiýew Russiýanyň ýygyndysynyň tälimçiligine dalaşgär

Ildeşimiz Gurban Berdiýew Russiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine dalaşgär görkezilýär. Russiýanyň ýygyndysynyň Ýewropa çempionatynda şowsuzlyga uçramagyndan soňra ýygyndynyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesow wezipesinden boşadylypdy.

Bu wezipä üçin köp sanly dalaşgärler göz öňünde tutulyp, ýerli we daşayr ýurtly tälimçileriň atlary agzaldy. Şolaryň hatarynda biziň ildeşimiz, ozal Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň “Rubin” toparyny çempion eden, “Rostow” topary bilen gowy netijeler görkezen Gurban Berdiýew hem bar.

Metbugatdaky habarlara görä, Gurban Berdiýew Russiýanyň Futbol geňeşiniň wekilleri bilen gepleşikler geçirer. 68 ýaşly hünärmen Almaty şäherinden ýörite Russiýa gelendigi habar berilýär.

Habarlarda bellenilip geçilişi ýaly, Gurban Berdiýew Russiýanyň ýygyndysynyň baş tälimçiligine esasy dalaşgär bolup durýar.

Russiýanyň Futbol geňeşi daşary ýurtly tälimçileriň ýerine ýerli hem-de rus futbolyny has ýakyndan tanaýan tälimçilere orun bermegi maksat edinýär.

Mälim bolşy ýaly, Gurban Berdiýew 2019-njy ýylyň tomsunda “Rubin” toparyndan gaýdypdy. Şondan soňra tälimçilik etmedik Berdiýew şu ýylyň maý aýynda Gazagystanyň “Kaýrat” toparynyň synçy geňeşiniň başlygynyň geňeşçisi wezipesine saýlandy.

 

17-nji iýuldaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder