Amerikanyň Günorta Florida uniwersitetiniň (USF) kiberhowpsuzlyk we emeli aň boýunça ýöriteleşdirilen täze kolležini döretmek üçin taryhyndaky iň uly möçberde, ýagny 40 million dollarlyk mudsuz kömek aldy. Bu serişdeler “ConnectWise” kompaniýasynyň öňki baş ýerine ýetiriji direktory we esaslandyryjysy Arni Bellini we onuň ýanýoldaşy Lauren Bellini tarapyndan berildi.
Täze dörediljek Bellini Emeli aň, kiberhowpsuzlyk we informatika kolleži ABŞ-da kiberhowpsuzlyk we emeli aň boýunça bilim berýän ilkinji ýöriteleşdirilen bilim edarasy bolar. Ilkibaşda 3000 töweregi talyby kabul etmegi meýilleşdirýän kolležiň, üçünji ýylynda bu sany 5000-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Kolležde bakalawr, magistr we doktorantura derejesinde sekiz sany okuw maksatnamasy meýilleşdirilýär.
Bellini ýerli uniwersitetlere maýa goýmak arkaly Tampa aýlagy sebitinde tehnologiýa innowasiýalarynyň ösmegine goşant goşmagy maksat edinýär. Ol Silikon jülgesiniň üstünlikli modelini Tampa aýlagy sebitinde gaýtalamagy arzuw edýär.
Täze kolležiň okuw meýilnamalaryna ýerli kompaniýalarda tejribe geçmek mümkinçilikleri giriziler, bu bolsa kiberhowpsuzlyk pudagynda tejribeli hünärmenlere bolan islegi kanagatlandyrmaga kömek eder. Tampa aýlagy sebitinde köp sanly tehnologiýa kompaniýasy ýerleşýär, bu bolsa sebitde tehnologiýa ugrundan ökde hünärmenleriň jemlenmegine itergi berer.
Bellini jübüti mundan ozal hem USF we Saint Leo uniwersitetinde zehinleri ösdürmek we kiberhowpsuzlyk şahadatnamasy maksatnamalary üçin maýa goýupdy.