Asly türk Germaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Ilkaý Gündogan Ispaniýanyň “Barselona” topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. Bu futbolçy ispan toparynyň düzümine erkin futbolçy hökmünde goşuldy.
Katalon toparynyň metbuagt gullugynyň habar bermegine görä, Ilkaý Gündoganyň Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen bolan şertnamasynyň möhleti 30-njy iýunda tamamlanýar.
Gündogan bilen ispan topary 2025-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Şeýle hem şertnamada onuň möhletini ýene-de bir möwsüm uzaltmak göz öňünde tutuldy. Ilkaýyň täze toparyna goýberilmegi üçin kesgitlenen baha 400 million ýewro boldy.
Gündogan 2016-njy ýyldan bäri “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş edip gelýär. Ol bu topar bilen 5 gezek Angliýanyň çempiony boldy. 4 gezek Angliýanyň ligasynyň kubogyny, 2 gezek Angliýanyň Kubogyny we Superkubogyny gazandy.
Şeýle hem ol bu iňlis topary bilen şu möwsümde Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.
