SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gündelik şeker kabul etmegiň möçberi näçe?

Adamyň süýji tagamlary iýmäge islegi, olary gündelik iýmitinde ulanmaga talaby tebigat tarapyndan şertlendirilendir.Hakykatdan-da, bedende maddalaryň alyş-çalşynyň kadaly bolup geçmegi üçin witaminler, makro-mikroelementler, beloklar, ýaglar bilen bir hatarda uglewodlar hem zerur gerek. Ýöne tortda, keksde, şekerde, ak gantda, miweli pirogda saklanýan çalt özleşýän uglewodlar däl-de, tebigy önümleriň düzümindäki haýal özleşýän uglewodlar peýdalydyr. Düzüminde tebigy şeker, ýagny fruktoza (monosaharid) saklanýan bitewi miweler, ir-iýmiş, gök önümler (şiresi ýa-da pýuresi däl) bedeni diňe bir bu madda bilen däl, eýsem, kletçatkalar bilen hem baýlaşdyryp, aşgazan-içege, ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga kömek edýär. Konditer önümleri, şokolad, mürepbe, ak gant arkaly uglewodlaryň çendenaşa köp mukdary kabul edilende, olar ýaglar bilen bilelikde bedeniň kadadakydan agralmagyna getirýär. Artykmaç agram bolsa süýjüli diabetiň, semizligiň hem-de gan damarlarynyň sklerozy, gipertoniýa ýaly ýürek-damar keselleriniň döremegine getirip bilýär diýlip “Saglyk” žurnalynda neşir edilen Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň lukmany Zöhre Mämmedowanyň makalasynda aýdylýar.

Şeker halamaýanlar hem 300 gramdan köp şeker iýýär…

Süýji tagamlary onçakly halamaýan adamlaryň aglabasy gündelik iýmitinde şekeri örän az mukdarda ulanýandyrys öýdýär. Aslynda welin, alymlaryň hasaplamalaryna görä her bir adam (konditer önümlerini we beýleki süýji tagamlary halamaýan bolsa-da) özi hem duýmazdan, günüň dowamynda 300 gramdan hem köp şeker iýýär. Şunça mukdardaky şekeri biz çaýa atylýan şeker, tokga ýa-da deň ölçegli dörtburçlyk şekilli (rafinad) ak gant arkaly däl-de, göräýmäge süýji bolmadyk önümlerden alýarys. Göze görünmeýän şeker ýa-da «gizlenýän» şeker saklaýan önümler sanardan kän. Olar arkaly alynýan şekeri hasaplasak, günüň dowamynda bu önümiň 200 gramdan gowragyny iýýändigimiz öz-özünden düşnükli bolýar duruberýär.

Eýsem kada boýunça näçe şeker kabul etmeli?

Kadada bolsa gije-gündizde 40-45 gramdan köp şeker iýmek zyýanly hasaplanylýar. Şekeri kadadakydan artykmaç ulanmajak bolsaň, hatda düzüminde tebigy şeker saklanýan önümleri hem çeni-çaky bilen ulanmaly. Aýratyn hem, baly köp iýmekden saklanmaly. Tebigy önüm bolsa-da, balyň düzüminde fruktoza we glýukoza köp mukdarda (65%-e golaý) saklanýar. Glikemiki indeksi ýokary bolan miwelerdir gök önümler hem bar. Mälim bolşuna görä, glikemiki indeks iýmit önümlerindäki uglewodlaryň glýukoza öwrülüp, gana siňmeginiň tizligini aňladýar. Bu görkezijiniň derejesi ýokary bolan önümler gandaky glýukozanyň mukdaryny köpeldip, süýjüli diabet keseliniň ýüze çykmagyna itergi berýär.

Eýsem, gizlin şeker haýsy önümlerde saklanýar?

  1. Adatça çagalar gök we bakja önümlerinden taýýarlanýan çorbalary, işdäaçarlary, süýtli şüleleri halamaýarlar. Körpejeleriň işdämen iýmegi üçin bu tagamlara senagatda taýýarlanylyp, çüýşejiklere, bankalara, kagyz haltajyklara gaplanylýan bally, şekerli, şokoladly souslary ýa-da üwmeç (ketçup) goşmaly bolýar. Üwmeçde we turşumtyl-süýji souslarda (1 nahar çemçesinde 1 çaý çemçe ýa-da 5 gram) şeker saklanýar. Şoňa görä çagalar üçin niýetlenen süýtli şülelere, gök önüm çorbalaryna senagatda öndürilen üwmeji, sousy däl-de, öýde şeker goşulman taýýarlanan üwmeç ýa-da ýogurt, hoz ýagyny goşmak maslahat berilýär. Mesge ýa-da saryýag goşulan süýtli şüleler has tagamly bolýar.
  2. Ýagy alnan önümlerde şeker, olaryň ýagly görnüşlerine seredilende, köp saklanýar. Ýag bilen bilelikde adaty tagamyny-da ýitirýän önümlere tagamyny artdyrmak maksady bilen şeker goşulýar. Meselem, ýagy alnan miwe tagamly ýogurdyň 225 gramynda 8 çaý çemçe şeker saklanýar. Diýmek, düzüminde ýaglar kadaly mukdarda saklanýan, ýöne şeker goşulmadyk önümleri iýmeli.

Etiketkadan şekeriň bardygyny anyklamak

3. Diňe bir senagatda işlenilip, gaplanylan miwe konserwalaryna däl, eýsem, göräýmäge az şekerli ýa-da düýbünden şekersiz göktereň (kabaçok), kelem, mekgejöwen, nohut konserwalaryna hem şekeriň, miwe şiresiniň, toşabyň goşulmagy mümkindir. Şonuň üçin olary satyn almazdan öň önümiň ýarlygyny (etiketka) okap, goşuntgylar baradaky maglumatlar bilen tanyşmak artykmaçlyk etmeýär. Ýarlykdaky «bal», «melissa», «patoka» ýa-da «sirop» (toşap), «fruktoza», «kerkaw (klýon) şiresi», «gaýtadan işlenen», «şeker», «mekgejöwen şiresi», «dekstroza», «ýakymly ys berijiler», «krahmal» diýen ýaly sözler önümde «gizlin» şekeriň bardygyny aňladýar. Şekersiz ýa-da miwe şiresi bilen süýjeldilen konserwalary saýlamak maslahat berilýär. Ýarym taýýar (polufabrikat) görnüşinde taýýarlanylyp, kagyz haltajyklara gaplanylan şüle we çorba garyndylary barada hem hut şulary aýtmak bolar.

Ýarlykda iň uly agramly we köp mukdarda saklanýan goşundylar olaryň sanawynda 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlarda ýazylýar. Eger haýsydyr bir önüme goşulan goşundylaryň sanawynda şeker başky 3 orunlaryň birini eýeleýän bolsa, onda bu önümde şeker kadadakydan köp saklanýandyr. Suw goşundy hasaplanylmaýar. Şonuň üçin eger sanawda şeker suwdan soňky 4-nji orny eýeleýän bolsa, onda bu önümde hem şeker çendenaşa köp saklanýandyr. Şeker goşundylaryň sanawynda soňky orunlary eýeleýän ýa-da şekersiz konserwirlenen önümleri saýlamak maksada laýykdyr.

Galla önümlerde şekere baý

  1. Galla önümleriniň unundan taýýarlanan önümlerde-de şeker köpdür. Diňe bir tortda, kökede, keksde däl-de, eýsem, bulkada, gatadylan çörekde, krekerde hem şeker köp mukdarda saklanýar.
  2. Pomidoryň esasynda taýýarlanýan önümler (goýaldylan pomidor, tomat goýaltmasy) hem gizlin şekeriň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Eger tebigy görnüşdäki pomidoryň 120 gramynda 6 gram şeker saklanýan bolsa, şonça mukdardaky pomidor goýaltmasynda 30 gramdan köp mukdarda şeker saklanýar.
  3. Tebigy şekerli önümleri saýlamak maksada laýykdyr. Miwelerde, dänelerde, gök önümlerde, süýtde saklanýan şeker önümiň aýrylmaz bölegi bolup, olar önümiň düzümindäki beýleki maddalar: mineral duzlar, witaminler, fitonutriýentler, kletçatkalar bilen bilelikde adamyň sagdyn iýmitlenmegini üpjün edýär. Täzeden işlenen önümlere goşulýan şeker bolsa trans we gaty ýaglar, duz, emeli reňk hem-de ys berijiler, konserwantlar bilen utgaşyp, önümiň bedene ýetirýän zyýanyny artdyrýar. Galyberse-de, tebigy önümiň düzüm bölegi bolup durýan şekeriň mukdary azdyr, senagatda işlenilýän önümlere goşulýan şeker köpdür. Meselem, 37 gram ýertudanada bary-ýogy 1,5 gr şeker saklanýar. Esasyny ýertudana emele getirýän 37 gr agramly süýjüde bolsa, takmynan, 29 gr-a golaý şeker bardyr.

Şöhlat önümlerinde şeker ýok, emma..

7. Şöhlat önümlerine şeker köp goşulmaýar. Meselem, 2 sosiskada bary-ýogy 8 gram töweregi şeker saklanýar. Ýöne bu önüme düzüminde bedende ýeňil özleşýän uglewodlara öwrülýän krahmal köp goşulýar. Galyberse-de, şöhlat önümlerinde ýaglar, duz we beýleki goşundylar köp bolýar.

8. Süýtli plitka şokoladda, doňdurmada, kolada, limonadda we beýleki reňkli süýji suwlarda köp mukdarda şeker saklanýar.

Elbetde, düzüminde köp mukdarda şekeriň saklanmagy bu önümleri asla ulanmaly däldigini aňlatmaýar. Islendik önümi az-azdan iýmegiň peýdalydygy, köp mukdarda yzygiderli ulanylanda, bedene zyýanly täsir edip biljekdigi mälimdir.

  1. Gazlandyrylan süýji suwlarda hem şeker köpdür. Olaryň 350 millilitrinde, takmynan, 35-40 gr şeker bardyr.
  2. Süýt önümlerinde-de belli bir mukdarda şeker saklanýar.

 

Tebigy önümlerde näçe şeker saklanýar?

Ortaça ululykly 1 käşirde, takmynan, 4 gram

Bir keksde, takmynan, 44-45 gram

100 gram üzümde 20 grama golaý

Ortaça ululykly bananda 22 gram töweregi

Ortaça ululykly 1 mekgejöwende 6 gram töweregi

Ortaça ululykly süýji bolmadyk almanyň şiresinde 8-12 gram

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder