Italiýada Gün energiýasyndan peýdalanyp, kofeni nädip gowurmalydygyny öwrendiler. Italiýanyň “PuroSole” kompaniýasy bu babatda innowasiýa tehnologiýany döretdi.
Bu taslamany esaslandyryjylaryň üçüsi, kofe dänäsini gowurmak üçin Gün energiýasyny ulanmagyň täsirli usulyny işläp düzmek üçin alty ýyla golaý wagt sarp etdi.
– Kofe dänejikleri enjamyň barabanynyň aýlanýan tizliginden ýa-da onuň berýän yssy howasyndan gowrulmaýar, ol Gün energiýasynyň kömegi bilen gowrulýar. Gün şöhleleri dänejiklere düşüp, olary gowurýar we daş-töweregine ýylylk berýär – diýip, kompaniýanyň esaslandyryjylaryndan Daniel Tommeý gürrüň berdi.
“PuroSole” tehnologiýasy, uly termodinamiki kofe gowurmak üçin niýetlenen enjamlaryň bahasyny ep-esli azaltmagyna ýardam berer. Munuň üçin kompaniýa ýörite awtonom reflektor (geliostat) oýlap tapdy, olaryň pikiriçe, ýörite motoryň kömegi bilen özbaşdak aýlanýar we düýbünden özbaşdak hereket edýär.
– Biz gazylyp alynýan ýangyç, meselem tebigy gaz ýa-da elektrik energiýasyny ulanmaýarys. Biz diňe Gün energiýasyndna peýdalanýarys. Ekologiýa hiç hili zyýan berilmeýär – diýip, taslamanyň inženeri Antonio Durbe habar berdi.
Italiýanyň günorta bölegi köpräk güneşli bolup, bu ýerde döredilen 40 aýnanyň kömegi bilen ýylda 33 müň kilograma çenli kofe dänelerini gowurmak mümkindir. Ol hem 60 müň kilowatt-sagat elektrik energiýasyny tygşytlamaga kömek berer.
Bu kompaniýany esaslandyryjylar öz tehnologiýalarynyň kömegi bilen gowrulýan kofeniň her bir tonnasy üçin takmynan 400 kilogram göz öňünde tutulan kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň öňüni almagyň mümkindigini belleýärler.
Mundan beýläk, “PuroSole” tehnologiýa kompaniýasy özüniň organiki kofesini öndürýär we ony onlaýn dükanlarda satýar.
Bilşiňiz ýaly, ozal hem habar berşimiz ýaly, finlýandiýaly alymlar laboratoriýa gurşawynda ilkinji gezek kofe dänelerini öndürmegi başardylar.
Mälim bolşy ýaly, kofe dünýäde iň köp içilýän içgileriň biri hasaplanýar. Alymlar onuň köp sanly peýdaly ýa-da peýdaly däl taraplary barada yzygiderli synlar berýärler.
Her ýylyň 1-nji oktýabry – tutuş dünýäde Bütindünýä kofe güni hökmünde bellenýär. Bu baýramçylygyň bellenýän güni barada ozal hem habar beripdik.