Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýrak bilen ýurdumyzyň zehinli çagalary — ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanylýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan guralýan, ýaş türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu bäsleşik her ýyl Watanymyzyň ähli künjeginden 18 ýaşa ýetmedik zehinli çagalaryň ýüzlerçesini bir ýere jemleýär.

Şu ýyl ýörite diplomlara we ýadygärlik sowgatlara bäsleşigiň 99 gatnaşyjysy hem-de 4 sany döredijilik topary — “Joşgun” tans topary, “Galkynyş” çeper okaýyş topary, “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar hory, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler mynasyp boldy.
Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik gyşky dynç alyş möwsüminde, paýtagtymyzda Täze ýyl mynasybetli esasy dabaralaryň ýaýbaňlandyrylýan günlerinde geçirilýär. Bu ýyl bolsa Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçýän täze — 2026-njy ýylyň çäreleri bilen utgaşyp, çagalara ruhubelentlik hem-de şatlyk bagyşlady. Döredijilik bäsleşigi her ýyl ýurdumyzdan köp sanly täze zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Olaryň birnäçesi çeper döredijilik bilen meşgullanyp, deň-duşlarynyň arasynda ykrar edilmäge mynasypdyr. Ýene birnäçeleriniň dürli bäsleşiklere gatnaşmakda ýeterlik tejribesi bar bolsa, başgalary mekdep olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileridir. Olaryň içinde iň tapawutlananlary bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
