MEDENIÝET

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinolarynyň gününiň dabaraly açylyşy geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmleri hödürlenildi. Türkmen kinosynyň güni Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň çäginde geçirilýär.

Açylyş dabarasyna Gruziýanyň degişli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy döredijilik işgärleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çäre režissýor M.Gylyjowyň “Kompozitor” atly filminiň görkezilişi bilen açyldy. Bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda döredilendigini aýratyn bellenip geçildi.

Ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow, şeýle-de medeniýet işgäri, kinoçy  Dali Okropiridze giriş sözleri bilen çykyş etdiler.

Ilçi, türkmen kinosynyň Gruziýadaky günlerini guramakda we ony geçirmekde ýardam beren Gruziýanyň kino akademiýasyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi. Häzirki wagtda kino sungatynyň jemgyýetiň durmuşynda uly orna eýedigini aýdyp, Türkmen kinosynyň görkezilişiniň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Gruziýanyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagynda ýene bir ädim boljakdygyny belläp geçdi.

Öz gezeginde D.Okropiridze türkmen kinomatografy bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlygyny bildirdi hem-de medeni gatnaşyklarynyň giňeldilmegine taýýardygyny beýan etdi.

Şeýle-de çäräniň çäklerinde režissýorlar Arslan Eýeberdiýewiň “Istärin” we Sahysalyh Baýramowyň “Gyzyl kürte” atly kinolarynyň hem görkezilişi geçiriler. Türkmen kinolarynyň görkezilişi 2024-nji ýylyň 24-nji noýabryna çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri