DÜNÝÄ

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda R.Meredow Gruziýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtalyp geçildi.

Gepleşigiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwiliniň Aşgabada bolan saparynyň we 2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygynyň ähmiýeti barada nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Konstantin Sabiaşwili Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik işiniň çygrynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar