SPORT

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Figuralaýyn typmak boýunça jübütleýin ýaryşlarda çykyş edýän Anastasiýa Metelkina we Luka Berulawa Italiýada geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly eýeleri boldular we Gruziýanyň ýygyndysyna gyşky Oýunlaryň taryhyndaky ilkinji medaly getirdiler. Bu barada Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi.

Gysga we erkin maksatnamalaryň jemleriniň netijesinde Metelkina bilen Berulawanyň 221,75 utuk toplandygy bellenilýär.

Erkin maksatnamada dünýä rekordyny (158,13) goýan ýaponiýaly Riku Miura we Ryuiti Kihara (231,24 utuk) ýaryşyň ýeňijileri boldular.

Baýrakly üçlügi Germaniýanyň wekilleri Minerwa Fabýen Haze we Nikita Wolodin (219,09) jemlediler.

Metelkina 20 ýaşynda, Berulawa bolsa 23 ýaşynda. Bu türgenler Ýewropanyň çempionlary (2026), şeýle hem ýaryşyň kümüş (2024) we bürünç (2025) medalynyň eýeleridir. Metelkina Wladimir şäherinde doguldy. Türgen gyz 2020-nji ýyldan bäri Gruziýanyň ýygyndysynda çykyş edýär.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi