MEDENIÝET

Göwher Hajymyradowa «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralýan «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurduň ähli welaýatlaryndan saýlanyp alnan, 17 ýaşdan 35 ýaşa çenli bolan on aýdymçy gatnaşdy. Gatnaşyjylar biri sazly, biri bolsa sazsyz görnüşde iki aýdymy ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ýeňijisi Göwher Hajymyradowa boldy. Oňa Göçme kubogy we baş baýragy bäsleşigiň geçen ýylky ýeňijisi Durdy Durdyýew gowşurdy.

Bäsleşigiň ýeňijisi emin agzalarynyň beren sesleri hem-de tomaşaçylaryň arasynda geçirilen SMS ses berlişigi esasynda kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri