Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynyň pagtaçylyk pudagyny ösdürmek öndürilýän pagtanyň möçberini artdyrmak, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda pagtaçylyk oba hojalygynyň esasy pudagy bolmak bilen, gowaçadan öndürilýän önümler dokma, azyk senagatlarynda, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda giňden ulanylýar. Gowaça ösümliginden 200-den gowrak dürli görnüşli önümler alynýar.Ýurdumyzda gowaçanyň orta we inçe süýümli sortlary ekilýär. Gowaçanyň hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda arassalanyp, ondan süýüm, tohum we lint alynýar. Pagta süýüminden alynýan önümler ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklaryny gerekli çig mal bilen üpjün edýär. Pagta süýümi, esasan dokma senagatyna çig mal bolup hyzmat edýär we ondan mata önümleri-sapaklar, tikin ýüplükleri, trikotaž, setin, batist, flanel, çalgyç (polotensa) we dürli tehniki ýasamalar-elektrik dolanmalary, kord, awtoulaglaryň şini, filtrler, hereketlendiriji kemerler, emeli deri, balyk tutulýan torlar taýýarlanylýar. Gowaça tohumynyň daşyndaky kelte süýüminden (lintden) sellýuloza, emeli ýana, sellofan, lak, dürli görnüşli kagyzlar, linoleum, emeli ýüpek we başgalar alynýar. Gowaçanyň tohumyndan bolsa, pagta ýagy, stearin, gliserin, olif, fitin we sabyn alynýar. Onuň tohumyndan alynýan künjara we harpyk mallar üçin iýmit bolup hyzmat edýär.Gowaçanyň baldagyndan, hasyl şahalaryndan, ýapragyndan, çaňňalagyndan uksus kislotasy, etil spirti, kardon we kagyzlaryň dürli görnüşleri ýasalýar. Umuman aýdanyňda sanasaň sogaby bar diýlişi ýaly, gowaçanyň zaýa önümi ýok. Şonuň üçin, oňa halk tarapyndan “ak altyn” diýilýär.Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň giňişleýin ekilmegi we onuň bol hasylynyň ýetişdirilmegi diňe bir oba hojalyk pudagynyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ondan alynýan önümler halk hojalyk pudaklarynyň ösüşine hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Maral Nazarowa
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy