Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty öz işine başlady.
Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça guralýar.
Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, düzümi boýunça BMG-den soň ikinji orunda durýan Goşulyşmazlyk Hereketi döredilen gününden bäri geçen 60 ýyla golaý wagtyň içinde saglygy goraýşyň ählumumy gurluşyny emele getirmekde ähmiýetli orny eýeleýän gurama hem-de BSGG-niň esasy hyzmatdaşyna öwrüldi. Bu guramalar bilelikde hyzmatdaşlyk edip, ilatyň saglygyny goramak ulgamyndaky umumy meseleleri netijeli çözýärler.
Iri halkara forumyň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitleri baradaky çykyşlara aýratyn üns çekildi.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahat öz işini «Pandemiýada we pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe gazanylan tejribelere esaslanýan hyzmatdaşlygy berkitmek», «Bilelikde hereket etmek üçin COVID-19 pandemiýasy we jemgyýetçilik saglygy çygrynda beýleki adatdan daşary ýagdaýlar döwründe döredilen täze gurallar we çemeleşmeler», «Adamlaryň, haýwanlaryň saglygyna we daşky gurşawa salynýan howplary azaltmakda «Bitewi saglyk» çemeleşmesi» atly aýratyn mejlislerde dowam etdi.