Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni täze eýýamyň ruhunda şatlyk-şagalaňa beslenip toýlanýar. Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak, halkymyzyň baky bagtyýarlykda ýaşamagyny üpjün etmek döwlet Baştutanymyzyň baş aladasy bolup durýar. Ajaýyp zamanada hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler her bir adamyň ruhuny göterip, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna yhlasly zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrýar.
Demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz hem-de dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir.
Ýaşyl Tugumyz halkymyzyň parahatçylyk maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny buşlap, asuda asmanda belentde parlaýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşen, dünýäde iň beýik sütünleriň biri bolan 133 metrlik baýdak sütüninde parlaýan Türkmenistanyň döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjyny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr.
Konstitusiýamyza laýyklykda, kabul edilen Kanunlar her bir türkmenistanlynyň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň iş ýüzünde üpjün edilmegini şertlendirýär. Şeýle hem olar raýatlaryň azat-erkin ýaşamaga, maşgala gurmaga we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, işlemäge, dynç almaga, saglygyny gorap saklamaga we dikeltmäge, durmuş üpjünçiliginden peýdalanmaga, bilim almaga, ylma we döredijilige bolan hukuklaryny amala aşyrmaga şertleri döredýär.
Türkmen Tugunyň ýaşyl reňki — bahar paslyny, ýaşaýşy aňladýar. Haly gölleri — türkmenleriň dünýä belli halylary dokaýandygyny, ajaýyp sungatyny, gözelligini, milli ýörelgesini, zeýtun şahalary bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny, Aýyň şekili abadançylygy, ýyldyzlar bäş welaýatymyzy alamatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bitewi Kanuna esaslanýan Türkmenistan döwletimiziň Baýdagy belentde parlaýar.
Tawus Jumaýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.