JEMGYÝET

“Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň jemleri jemlendi

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Oňa “Atawatan Media” topary hem gatnaşdy.

Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Halkara kinofestiwala Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň kino sungatynyň wekilleri gatnaşdy.

13-15-nji noýabr aralygynda geçirilen festiwalyň çäklerinde Aşgabat” kinoteatrynda, “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kino ussatlary tarapyndan döredilen filmler görkezildi.

Kinofestiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklary geçirdiler. Mundan başga-da, şol gün “Aşgabat” myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy boldy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gezelenç guraldy.

Halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasynda hödürlenen çeper hem-de dokumental filmler üçin kino sungatynyň wekillerine, ýagny aktordyr aktrisalara hem-de režissýorlara “Gorkut ata” kinofestiwalynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy