SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gordion ÝUNESKO-nyň bütındünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi

Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkiýäniň paýtagty Ankarada ýerleşýän “Gordion” atly  arheologiki ýadygärligini goşmak kararyna gelindi. Şeýlelikde, Gordion Türkiýeden sanawa girizilen 20-nji desga hökmünde 18-nji sentýabrda hasaba alyndy.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasynda Gordion şäheri şeýleräk beýan edilyär: “Demir asyrynyñ dowamynda şalyk süren paýtagt Frigiýanyň harabalyklaryny öz içine alýan köp gatly gadymy oturymly ýer bolupdyr. Munuň şeýledigine bu ýerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan artefaktlar şaýatlyk edýär.”

Ankaranyň Polatly etrabynda ýerleşýän Gordion şäheri biziň eýýamymyzdan 2500 ýyl öňki ırki bürünç döwrüne degişli bolup durýar. Bu gadymy şäherde we onuň töweregindäki şäherçelerde ýaşaýyş 4500 ýyllap dowam edipdir. Gordion biziň eýýamymyzdan öňki XII-nji asyrda Hitit imperiýasy dargan soň ýüze çykan Frigiýanyň syýasy we medeni paýtagty bolupdyr.

Türkiýäniň ÝUNESKO -nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen desgalary:

  1. Göreme milli seýilgähi we Kapadokiýanyň gowaklyklary
  2. Diwrigi şäherinde ýerleşýän uly metjidi we hassahanasy
  3. Stambulyň taryhy sebitleri
  4. Hititleriň paýtagty-Hattuşa
  5. Nemrut dagy
  6. Hierapolis şäheri we Pamukkale çeşmeleri
  7. Gadymy Ksantus şäheri we Letun ybadathanasy
  8. Safranbolu şäheri
  9. Troýanyň arheologiki ýadygärlikleri
  10. Selimiýe metjidi we onuñ jemgyýetçilik toplumy
  11. Çatalhöýügiň täze daş asyry
  12. Bursa we Jumalykyzyk-Osmanly ımperiýasynyň döremegi
  13. Pergamon we onuñ köp gatlaky medeni landşafty
  14. Diýarbakyr galasynyñ medeni landşafty we Hewsel baglary
  15. Efes
  16. Aniniň arheologiki ýadygärligi
  17. Afrodizias
  18. Göbekli depe
  19. Arslandepe baýyrlygy
  20. Gordion
  21. Orta asyr Anadolynyñ agaç gipostil metjitleri

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri