TEHNOLOGIÝA

“Google” 3 ýurdy birleşdirýär

Tehnologiýa ägirdi “Google” ABŞ-ny, Angliýany we Ispaniýany birleşdirmek üçin Atlantik ummanynyň aşagynda müňlerçe kilometr optiki süýümli internet kabelini çekdi.

Uzynlygy 6 müň 250 kilometre barabar bolan täze nesil optiki süýümli kabel sekuntda 350 terabit maglumat geçiriş kuwwatyna eýedir.

Geljek ýyl işe giriziljek bu kabel programma üpjünçiligi dünýäsinde öňdebaryjy atlaryň biri bolan Greýs Hopperiň adyny göterýär.

“Business Insider”-iň habaryna görä, täze kabel bilen halkara internet maglumatyň akymy has-da çaltlaşar. Şeýle hem, kompaniýa ýakyn wagtda Atlantik ummanynyň aşagyndaky Amerika we Afrika yklymlaryny birleşdirjek täze optiki süýümli kabelleri hem ýerleşdirer.

 

Tehnologiýalar merkezi: döwlet we hususy hyzmatdaşlyk

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar