SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna girişilýär

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Buýan” obasenagat toplumynyň düzüminde glisirrizin turşusynyň önümçiligi boýunça kärhananyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Häzir ýurdumyzda öndürilýän eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallaryň esasynda taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleriň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak munuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Adipson Ind. Srl.” kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu kärhananyň gurluşygynyň potratçysyny seçip almak boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde, “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň täjirçilik teklibi seçilip alyndy. Şeýle hem bellenilen tertipde gurluşygyň şertleri, desgany tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumynyň buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasyny ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Mizemez gadam” hususy kärhanasy bilen şertnamany, kärhana üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň we desgalarynyň taslamalaryny düzmek, durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak hem-de olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we kärhanany 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 

Türkmenistan  “John Deere” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Ýene-de okaň

Aşgabat – Moskwa ugurly awiagatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

Türkiýäniň 2024-nji ýyldaky syýahatçylyk rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri