DÜNÝÄ

Ginnesiň rekordy: dünýäniň iň garry adamy

Ginnesiň rekordlar kitaby Puerto-Rikonyň ýaşaýjysy Emilio Flores Markesi dünýäniň iň garry adamy hökmünde hasaba aldy. Ol 112 ýyl 326 gün ýaşap, iň ýaşuly adam bolup durýar.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri Markesi iň garry adam hökmünde hasaba alandygyny mälim etdi. Markes1908-nji ýylda Puerto-Rikonyň paýtagty San-Huan şäheriniň gündogarynda Karolina sebitinde dünýä indi. Markes Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny almak bilen baglanyşykly beren beýanatynda uzak ýaşamagyň syry adamlaryň gowy niýetli bolmadygy bilen baglanyşdyrdy.

Ol beýanatynda kakasynyň özüni gowy görendigi we kakasynyň söýgüsi bilen ulalandygyny belläp, hemişe adamlara gowulyk etmegi ündändigini belledi.

11 çagaly maşgalanyň iň ulusyndan soň ikinji çagasy bolandygyny, maşgalasy bilen şeker çiňrigi meýdanynda işländigini, bary-goýy 3 ýyl bilim alandygyny mälim etdi.

4 çagasy bolan Markeziň 75 ýyllyk aýaly Andrea Peres de Floresiň 2010-njy ýylda aradan çykandygy mälim edildi.

Puerto-Rikonyň ýaşaýjysy Emilio Flores Markesiö 111 ýyl 219 gün ýaşap, aradan çykan rumyniýaly Dimitru Komaneskudan soňra dünýäniň iň garry ýaşaýjysy bolandygyny bellenilip geçildi.

 

1-nji iýulda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada saparda bolar

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň goşmaça sekretarynyň Aşgabada sapary

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň Prezidenti dört günlük sapar bilen Hytaýa barar

102 ýaşynda daga çykyp, Ginnesiň rekordyna eýe boldy

Ata Watan Eserleri

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine 20-den gowrak ýurduň ýolbaşçylary gatnaşar