DÜNÝÄ

Gilbert Houngbo: emeli intellekt işçi güýjüniň azalmagyna sebäp bolmaz

Halkara Zähmet Guramasynyň (ILO) baş direktory Gilbert F. Houngbo, emeli intellektiň gorkulan derejede işçi güýjüniň ýitmegine sebäp bolmajakdygyny aýtdy we “Emeli intellekt sebäpli millionlarça iş ýitirilen hem bolsa, köp täze iş orunlary döredildi. ” diýip belledi.

Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynyň (WEF) 55-nji ýyllyk mejlisiniň çäginde emeli intellektiň iş ugurlaryna täsiri barada çykyş eden Gilbert F. Houngbo: “Emeli aň garaşylyşy ýaly köp iş orunlarynyň aradan aýrylmagyna sebäp bolmaýar. Meniň esasy howatyrlanýan tarapym, emeli intellektiň iş güýjündäki deňsizligiň çuňlaşmagyna mümkinçilik bermeginden gorkýaryn. Emeli intellekt adam merkezi bolmaly. Bu tehnologiýa adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin gural hökmünde ulanylmaly” diýip belledi.

Halkara guramanyň ýolbaşçysy ýaşlara hem öz maslahatyny berip, olaryň çuň bilim almaklarynyň zerurdygyny aýdyp, ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlaryndaky bilimiň ähmiýetine ünsi çekdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Bütindünýä banky: hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan durmuş goraglylygy pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Parahatçylygy wagyz etmekde jemgyýetçilik torlarynyň mümkinçilikleri ulanylýar

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Halkara Zähmet Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi