SPORT

Germaniýanyň “superi” – “Bawariýa”

Germaniýanyň “Bawariýa” topary soňky ýyllaryň iň güýçli toparlarynyň birine öwrüldi. Germaniýanyň futbol boýunça milli çempionatynda we Ýewropanyň ýokary derejeli ýaryşlaryna şowly çykyşlary bilen ýatda galan “Bawariýa” topary 2021/2022-nji möwsüme hem kubok bilen başlady.

Bu topar Germaniýanyň Superkubogyny (Naýbaşy kubogy) almak ugrundaky duşuşykda özüniň milli çempionatdaky esasy garşydaşy “Borussiýa Dortmund” toparyny 3:1 hasabynda utup, 9-njy gezek kubogy eýeledi. Duşuşykda “Bawariýa” toparynda düzüminde Robert Lewandowski (2) we Mýuller tapawutlandy. “Borussiýa Dortmund” toparynyň ýeke-täk goluny Marko Roýs öz adyna ýazdyrdy.

LEWANDOWSKI ÝENE-DE BIR REKORDA GOLAÝLAÝAR

Duşuşygyň öň ýanynda golaýda aradan çykan, “Bawariýa” toparynyň ady rowaýata öwrülen futbolçysy Gerd Mýuller ýatlanyldy. Bu nemes futbolçynyň uzak wagtlap özünde saklan, Germaniýada iň köp geçiren futbolçy rekordyny täzelen polşaly hüjümçi Robert Lewandowski Superkubok duşuşygynyň hem esasy gahrymany boldy. Ol bu duşuşykda 2 gezek tapawutlandy. Gerd Mýulleriň ýene-de bir rekordyna golaýlady. Gerd Mýuller “Bawariýa” toparynyň düzüminde 1969/70-nji ýylda bassyr 16 duşuşykda tapawutlanan ilkinji futbolçydyr. Robert Lewandowski bolsa, yzly-yzyna 14 duşuşykda tapwutlanmagy başaryp, Mýulleriň rekordyna ýene-de 2 duşuşyk galdy.

NAGELSMANNYŇ ILKINJI KUBOGY

Germaniýanyň Superkubogyny  almak ugrundaky duşuşyk “Bawariýa” toparynyň tälimçisi Ýulian Nagelsmann üçin hem aýratyn uly ähmiýete eýe boldy. Ýaş tälimçi ilkinji kubogyny eýeledi. Onuň tälimçilik durmuşyndaky ilkinji kuboklaryň biri boldy.

18-nji awgustdaky howa maglumaty

 

 

Ýene-de okaň

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”