DÜNÝÄ

Germaniýada Merkel döwri tamamlandy

Germaniýada Sosial-demokratik partiýasynyň, Erkin demokratik partiýasynyň we Ýaşyllar partiýasynyň arasynda koalisiýa gepleşikleri tamamlandy. Üç partiýa koalisiýa teswirnamasyny yglan etdi we Germaniýada kansler Angele Merkel döwri resmi taýdan tamamlandy.

26-njy sentýabrda Germaniýada geçirilen umumy saýlawlardan soň garaşylýan karar yglan edildi. SPD, FDP we Ýaşyllar hereketi koalisiýa gepleşikleri tamamlandy we koalisiýa teswirnamasy yglan edildi

OLAF ŞOLS TÄZE KANSLER BOLAR

Teswirnamany yglan eden Olaf Şols 5-nji dekabrda täze ministrler kabinetini yglan etmek bilen premýer-ministr bolar.

Koalisiýa gepleşiklerinden soň Germaniýadaky Ýaşyllar partiýasyndan premýer-ministrlige dalaşgär bolan Annalena Barbogyň daşary işler ministri, Ýaşyllar partiýasynyň ýolbaşçylaryndan Robert Habekiň premýer-ministriň orunbasary, FDP-nyň ýolbaşçysy Kristian Lindneriň ykdysadyýet ministri, şeýle hem SDP-iň wekili Kristin Lambrehtiň içeri işler ministri bolmagyna garaşylýar.

15 ýyldan köp wagtdan bäri Germaniýanyň Premýer-ministri wezipesini eýelän Angela Merkeliň wezipe möhleti resmi taýdan tamamlandy.

 

Tebigy gaz gysga, orta we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda ýerlener

 

Ýene-de okaň

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: DV-2027 yglan edilermi?

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň ilçisine täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara kofe gününi döretdi

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi